Türkmenistanyň futbol boýunça Ýaşlar ýygyndy topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Hytaýa ugradylar


Türkmenistanyň futbol boýunça Ýaşlar ýygyndy topary 2024-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanýar. 27-nji awgustdan 4-nji sentýabr aralygynda ol Hytaýyň Dalian şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny, şeýle-de iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar ýygyndy toparynyň düzümine Türkmenistanyň çempionatynyň dürli klublaryna wekilçilik edýän 23 oýunçy girdi.
6-12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Ýaşlar ýygyndy topary Indoneziýada merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek 2024-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşar. Türkmenistan, Indoneziýa we Hytaýyň “Taýpeýi” bilen bilelikde “K” toparda çykyş eder.
Toparyň ýeňijisi, şeýle hem ikinji ýere mynasyp bolan iň güýçli dört topar geljek ýyl Katarda geçiriljek 2024-nji ýylyň Aziýa kubogynyň finalyna çykar.
Jemleýji ýaryşyň eýesi hökmünde Katar Aziýa kubogyna göni ýollanma aldy.
ORIENT news








