HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara sergiler býurosynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi

Sentýabr 06, 2023 | 22:19 |8055
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” barada habar berildi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösmeginde sergi işiniň möhüm orny eýeleýändigini, ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde tutýan ornyny belläp geçdiler hem-de Türkmenistan bilen HSB-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda türkmen tarapynyň 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek «Expo- 2023 Doha» Halkara sergisine we 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «Expo-2025 Osaka» Bütündünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk gňrülýändigi hem bellenilip geçildi.

HSB-niň Baş sekretary Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi we halkara sergi işinde ikitarapyň bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegine taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026