Habarlar

Täjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldularTäjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldular

Täjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldular

26-njy iýulda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Türkmenistan Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» ýaşlar forumyna gatnaşdyTürkmenistan Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» ýaşlar forumyna gatnaşdy

«Bir guşak, bir ýol» halkara ýaşlar forumy 26-njy iýulda (HHR) Gansu welaýatynyň Lunnan şäherinde geçirildi. Sammite Hytaýdan we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan 100 töweregi ýaşlar gatnaşdy. Gurultaýda Türkmenistana Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow wekilçilik etdi diýip, China Daily habar berýär.