Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji sentýabrda Täjigistanda saparda bolar


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow 14-15-nji sentýabrda Täjigistanda saparda bolar. Öňde boljak sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 8-nji sentýabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
Duşenbe şäherine boljak saparynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar. Şeýle hem, ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Duşenbede boljak Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
ORIENT news








