HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Prezidentiniň baýragy üçin ýaşlaryň döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Sentýabr 08, 2023 | 23:00 |9594
Türkmenistanda beýik filosofyň we milli poeziýanyň klassiginiň 300 ýyllygyna
bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany» atly ýaşlaryň arasynda
döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Ýaşlar bäsleşigi, Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn Asyry» baýragyny almak üçin däp bolan milli bäsleşigiň
çäginde geçiriler.Türkmenistanda beýik filosofyň we milli poeziýanyň klassiginiň 300 ýyllygyna
bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany» atly ýaşlaryň arasynda
döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Ýaşlar bäsleşigi, Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn Asyry» baýragyny almak üçin däp bolan milli bäsleşigiň
çäginde geçiriler.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda beýik filosofyň we milli poeziýanyň klassiginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany» atly ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Ýaşlar bäsleşigi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» baýragyny almak üçin däp bolan milli bäsleşigiň çäginde geçiriler.

Bu barada Karara döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowanyň teklibi bilen gol çekdi.

Resminama laýyklykda, täze bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň dekabrynda jemlener we ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentinden pul baýragy we altyn zynjyr gowşurylar. Pul baýraklary Prezidentiň haýyr-sahawat gaznasyndan bölünip berler.

Bäsleşik, ýaşlary Magtymgulynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we döredijilik ösüşine bolan islegini artdyrmaga niýetlenendir.

Medeniýet ministrligine, telewideniýe, radio ýaýlym we kinematografiýa boýunça döwlet komitetine we türkmen döwlet neşirýat gullugyna bu bäsleşigiň guralyşyny üpjün etmek tabşyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026