Habarlar

Gündogar sazlary: Moskwada türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanarGündogar sazlary: Moskwada türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar

Gündogar sazlary: Moskwada türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar

Üç sany meşhur türkmen kompozitorynyň döredijiligine bagyşlanan “Gündogar sazlary” atly konsert 24-nji oktýabrda Moskwada “kwartirnik” (adaty öýde erkin ýagdaýda geçirilýän - konsert) görnüşinde geçiriler. Agşamky konsert programmasynda köpmilletli akademiki sazçylykda baý miras galdyran we ýurdy şöhratlandyran Nury Halmamedowyň we Orazmuhamet Gurbannyýazowyň tanyş we köp halanýan eserleri ýaňlanar.

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit wekili bilen gepleşikler geçirildiHalkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit wekili bilen gepleşikler geçirildi

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit wekili bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasynda geljek ýyllardaky hyzmatdaşlyk meseleleri penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk myhmanyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirildi diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär.