ÝAYB ýurtlary Gazagystany, Russiýa Federasiýasyny we Türkmenistany bilelikdäki logistika kärhanasyna goşulmaga çagyrdy


Kasym-Žomart Tokaýew Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň Sankt-Peterburgda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ýakyn Gündogar, Eýran, Päkistan we Hindistan döwletlerine girmek üçin “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň ösüşine ünsi çekdi. Tokaýew: “Geçelgäniň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan logistika kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasyny döredilýär. ÝAYB-nyň beýleki ýurtlaryndan demir ýol administrasiýalaryny bu işe goşulmaga çagyrýaryn"-diýdi. Bu barada “Akorda” web sahypasynda habar berilýär.
Şeýle hem Gazagystanyň Lideri Respublikanyň Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Gyrgyzystan we Hazar deňzi bilen serhetlerde 5 sany serhetaşa ulag we logistika merkezini açmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ýakyn wagtdaky meýilnamalar 1300 kilometre çenli täze demir ýol geçelgelerini, gury portlary, şeýle hem Eýranda Bender-Abbas deňiz portuny gurmagy öz içine alýar.
Gazagystanyň ulag we logistika kompaniýasy “KTZ Express”, RŽD Logistika” we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” şu ýylyň aprel aýynda ýükleriň daşalmagyny ösdürmek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek barada Memoranduma gol çekdi. Bilelikdäki kärhananyň maksady halkara “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň Gündogar ugrunda ýeke-täk logistika operatoryny döretmekdir.
Taraplar bäsdeşlik nyrhlaryny we Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan Eýrana, Hindistana, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna, Aziýa-Ýuwaş umman sebitine Aksaraý, Ozinki, Bolaşak, Inçe-Burun, Serahs serhet geçelgeleriniň gatnaşmagynda harytlary şeýle-de şu ugurlar boýunça yzyna “bökdençsiz” ýük daşamak üçin özygtyýarlyklaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar.
ORIENT news








