HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady!

Dekabr 26, 2023 | 13:24 |12414
2023-nji ýyl ahyrlanyp barýar, dogan türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2024-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!2023-nji ýyl ahyrlanyp barýar, dogan türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2024-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Çeşme: Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan

2023-nji ýyl ahyrlanyp barýar, dogan türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2024-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Dogan ýurdy Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezretleri jenap Serdar Berdimuhammedowyň we Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Onuň Alyhezretleri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwleti gülleýär we ösýär, 2023-nji ýylda hem uly üstünlikler gazanyldy we bu bolsa bizi diýseň begendirýär. Täze 2024-nji ýylyň Türkmenistan üçin uly üstünlikli ýyl boljakdygyna ynanýaryn.

Azerbaýjan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösmegine hemişe aýratyn üns berýär.

Umumy taryhymyza, etniki köklerimize, dilimize, doganlyk gatnaşyklarymyza esaslanýan we birek-birege hormat goýýan gatnaşyklarymyz geçen döwürde çalt ösdi we hil taýdan täze derejä çykdy.

Döwlet baştutanlarymyzyň maksatly syýasatynyň netijesinde ýurtlarymyz strategiki hyzmatdaşlyga öwrüldi. Häzirki wagtda strategiki gatnaşyklarymyz üstünlikli ösýär.

Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar 2023-nji ýylda ýokary depginde dowam etdi. Bu ýylda strategiki ähmiýetli ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly işler dowam etdirildi.

2023-nji ýylda amala aşyrylan iş saparlary, yzygiderli aragatnaşyklar, dürli ugurlarda gol çekilen resminamalar, bilelikdäki taslamalar hyzmatdaşlygymyzy giňeltmekde möhüm rol oýnaýar.

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Onuň Alyhezretleri Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana eden iş saparynyň dowamynda döwlet baştutanlarynyň geçiren ýygnagy, şeýle hem döwlet baştutanlaryň halkara derejesindäki aragatnaşyklar we sebitleýin wakalar, Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüş perspektiwalaryny kesgitlemek we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin hyzmat etdi.

Geçen ýyl Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5 esse artdy we bu ösüş depgini 2023-nji ýylda dowam etdi.

Ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erki bilen bu mümkinçiliklerden däp bolan doganlyk gatnaşyklarymyzy berkitmek we bilelikdäki alyp barýan özara işlerimiziň gerimini has-da giňelderis diýip ynandyrýarys.

Häzirki wagtda Azerbaýjan we Türkmenistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Hyzmatdaşlygymyz halkara we sebit guramalarynyň çäginde üstünlikli dowam edýär.

Azerbaýjan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna hormat goýýar. Dogan ýurdy Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk statusy babatynda uly üstünlikler gazandy, bu bolsa bizi diýseň begendirýär.

Dogan ýurdy Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, şol sanda ajaýyp Aşgabat şäherinde, şeýle hem täze Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramçylygy ýokary derejede geçirilýär.

Täze ýyl mynasybetli dogan türkmen halkyny ýene bir gezek gutlaýarys we parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk arzuw edýäris.

Täze ýylyňyz gutly bolsun, Türkmenistan!

Gismet Fizuli ogly Gezalow,

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026