HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara guramalary tarapyndan bellenen Türkmenistanyň üstünlikleri

Dekabr 28, 2023 | 01:03 |13303
Çarşenbe güni, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýylyň netijlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky gazanan netijeleri we esasy üstünlikleri kesgitlendi. Olaryň birnäçesi forumyň dowamynda yglan edilen we tematiki sessiýalarynda degişli şahadatnamalaryň berilmegi bilen dabaralandyrylan halkara guramalary tarapyndan hem bellendi.Çarşenbe güni, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýylyň netijlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky gazanan netijeleri we esasy üstünlikleri kesgitlendi. Olaryň birnäçesi forumyň dowamynda yglan edilen we tematiki sessiýalarynda degişli şahadatnamalaryň berilmegi bilen dabaralandyrylan halkara guramalary tarapyndan hem bellendi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Çarşenbe güni, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýylyň netijlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky gazanan netijeleri we esasy üstünlikleri kesgitlendi. Olaryň birnäçesi forumyň dowamynda yglan edilen we tematiki sessiýalarynda degişli şahadatnamalaryň berilmegi bilen dabaralandyrylan halkara guramalary tarapyndan hem bellendi.

Ilki bilen, umumy mejlisde BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan Hoşallyk hatyny gowşurdy.

Mundan başga-da, pudaklar boýunça geçirilen seksiýalarada Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň dowamlylygyny we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goramagyň ähliumumy gurşawy ugrundaky tagallalary üçin şahadatnama; Ýokanç keselleri merkezleriniň müdirliginiň merkezleşdirilen barlaghanasynyň molekulýar synaglarynyň hilini tassyklaýan “Gauting” (Mýunhen, Germaniýa) ýokary derejeli gözleg laboratoriýasyndan üç şahadatnama; Morfologiýa merkeziniň bir bölegi hökmünde Merkezi Kazyýet Medisina Býurosynyň laboratoriýasyna halkara akkreditasiýa şahadatnamasy berildi.

“UI GreenMetric World University Ranking” agentliginiň ýolbaşçysy Riri Fitri Sari, halkara “UI GreenMetric World University Ranking” reýtingine Türkmenistanyň ÝOM-niň sekizsiniň goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşurdy. Olaryň hatarynda: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalygy instituty bar.

Mundan başga-da, Halkara küşt federasiýasy halkara grossmeýster derejesini almak üçin talaplary ýerine ýetiren Saparmyrat Atabaýewi belläp geçdi.

Şeýle hem maslahatda «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» we “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň Baş direktory Maýkl Harris wideo aragatnaşyk arkaly "Turkmengaz" döwlet konsernine - Quality Achievements Awards 2023 - halkara hil baýragyny gowşurdy we gutlady.

Şeýle hem, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, Türkmenistanyň hususy pudagynda sanly üýtgeşmeleri öňe sürmekde, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we ýurduň intellektual ýaşlaryna goldaw bermekde gazanan üstünlikleri üçin halkara şahadatnama we diploma mynasyp boldy.

"Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna “Bureau Veritas Marine Kazakhstan” tarapyndan, "Türkmenawtoulaglary" agentligi Beýik Britaniýanyň Sertifikatlaşdyrylan logistika we ulag institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň adyndan, "Türkmendemirýollary" agentligi bolsa, Halkara demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy tarapyndan sylaglandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026