HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek boýunça çäreler ylalaşyldy

Dekabr 27, 2023 | 16:45 |7673
Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri Stambul şäherinde ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirdiler.Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri Stambul şäherinde ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirdiler.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri Stambul şäherinde ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirdiler. Onda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda, esasan hem, ulag geçelgesi boýunça demirýol daşamalarynyň nyrhlaryny peseltmek we onuň üsti bilen ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarda emele getirilen amatly we bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň harytlaryň hem-de ýükleriň daşalyş möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi hakynda bitewi düşünjä geldiler.

Mejlisiň jemleri boýunça ulag geçelgesine gatnaşyjy demirýol edaralarynyň arasynda Teswirnama gol çekildi. Bu resminama degişli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk we bilelikdäki tagallalar üçin ähli taraplaryň ylalaşandygyny tassyklamak bilen ulag geçelgesini ösdürmekde möhüm tapgyry açýar.

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ulag geçelgesini döretmek hakynda Teswirnama şu ýylyň 2-nji noýabrynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ulag ministrleriniň 12-nji duşuşygynyň çäklerinde gol çekilipdi. Bu geçelge ulag infrastrukturasyny we sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm guraldyr.

Bu multimodal ulag geçelgesiniň ösdürilmegi ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýäniň arasynda söwda mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam eder. Şeýle hem ol sebitdäki ulag düzümleriniň elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrar we ykdysadyýetiň ösmegine we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026