HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Dekabr 27, 2023 | 14:29 |6352
26-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.26-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

26-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalary işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Türk işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze, döwrebap görnüşleriniň ilkinji bolup ata Watan Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bu syýasy ugur Türkmenistanyň halkara abraýyny has hem artdyrýar. Munuň gözbaşynda bolsa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edýän halkara başlangyçlary durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Işewürler, öz gezeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmeginde möhüm şerti emele getirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026