HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halal zähmet – ýeňişli ýollara badalga

Dekabr 28, 2023 | 17:23 |2265
Ýaşlykdan öz ukyp başarnygyňa görä hünär saýlamak, her bir adamyň durmuşynda örän möhüm meseleleriň biri bolýar. Saýlap alan hünäriň boýunça yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmek bolsa öz miwesini berýär.Ýaşlykdan öz ukyp başarnygyňa görä hünär saýlamak, her bir adamyň durmuşynda örän möhüm meseleleriň biri bolýar. Saýlap alan hünäriň boýunça yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmek bolsa öz miwesini berýär.
Çeşme: "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan berildi

Ýaşlykdan öz ukyp başarnygyňa görä hünär saýlamak, her bir adamyň durmuşynda örän möhüm meseleleriň biri bolýar. Saýlap alan hünäriň boýunça yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmek bolsa öz miwesini berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlarymyzyň köpugurly bilim almaklary, ylmy gözlegler bilen meşgullanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Ata-Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda aragatnaşyk pudagynda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekýändigini bellemek ýerlikli bolar. Ýurdumyzda kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Ýaşlaryň döwrebap şertlerde bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, zähmet çekmegi, kämilleşmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Men, Kerim Muhammetdurdyýew. 1992-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky geňeşliginde doglan. Orta mekdebini tamamlanymdan soň, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň «Telekommunikasiýada maglumat goragy» hünäri boýunça ýokary bilim aldym. 2018-nji ýyldan bäri “Marytelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýärin.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi. Ösüşlerden-ösüşlere we belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ulag-kommunikasiýa pudagynyň üstünliklerini beýan edýän, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahaty we köpugurly sergisi meniň ýadymdan çykmajak, buýsandyryjy dabaralaryň birine öwrüldi.

Dabaranyň dowamynda tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlaryň uly toparyny döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Men hem şol dabarada, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldum.

Hünär saýlamak, saýlan söýgüli käriň eşretini görüp, ondan kanagatlanma almak, ony özleşdirmek we jemgyýetde mynasyp orun eýelemek, Ata-Watanymyzda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp işlemek, döretmek uly bagt we mertebedir. Bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary bolup, biz hem geljekde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirip, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipeleriniň hilini ýokarlandyrmak işlerini güýçli depginde dowam ederis. Edep-terbiýeli, ata Watana, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar bolup gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekeris.
Innowasion ösüşleriň eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýetiň binýadynyň berkemegi ugrunda uly tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn!

Ýaşlar üçin uly aladalary edýän, giň şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Goý, biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn! Täze 2024-nji ýyl täze üstünliklere badalga bolup, beýik maksatlarymyza ýetirsin, Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026