Habarlar

Amerikan we türkmen mugallymlary iňlis dilini öwretmegiň soňky tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylarAmerikan we türkmen mugallymlary iňlis dilini öwretmegiň soňky tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Amerikan we türkmen mugallymlary iňlis dilini öwretmegiň soňky tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän TESOL konferensiýasy geçen hepde Aşgabatda tamamlandy. Türkmenistanyň dürli künjeginden 250 iňlis dili mugallymy we Halkara TESOL birleşiginiň amerikan hünärmenleri Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bu çärä gatnaşmak üçin ýygnandylar. Bäş günüň dowamynda, täze tehnologiýalardan başlap, inkluziw synp tejribelerine çenli dil öwrenmekdäki iň täze innowasiýalar boýunça seminarlar geçirilip, konferesiýa gatnaşyjylar iňlis dilini öwretmekde innowasion usullar barada tejribe alyşdylar.

Türkmen alymlary grek hozunyň ýapragyndan derman aldylarTürkmen alymlary grek hozunyň ýapragyndan derman aldylar

Türkmen alymlary grek hozunyň ýapragyndan derman aldylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa bölüminiň müdiri A.Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Akmyradow Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy H.Ataýew grek hozunyň ýapragyndan alnan garyndyny mikrokapsulaşdyrmak işini amala aşyrdylar.

Türkmen hünärmenleri kenarýaka ekosistemalarynyň geosfera inženerçiligini öwrenýärlerTürkmen hünärmenleri kenarýaka ekosistemalarynyň geosfera inženerçiligini öwrenýärler

Türkmen hünärmenleri kenarýaka ekosistemalarynyň geosfera inženerçiligini öwrenýärler

"Kenarýaka ekosistemalaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosera inženerçiligi boýunça täze okuwlar" - 4-13-nji ýanwar aralygynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň onlaýn görnüşde gatnaşan master-sapaklarynyň we maslahatynyň ady şeýle atlandyryldy.