Habarlar

Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutladySerdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutlady

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow göni aragatnaşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Arkadag” toparynyň, ilkinji gezek milli futbol çempionatynda ýaryşyp, möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony bolup, düýn bolsa, Kubogy alyp goşa altyn medala eýe bolandygyny habar berdi.

CNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýarCNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýar

CNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýar

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” kompaniýasynyň (CNPCIT) wekilhanasy 2009-njy ýyldan bäri “CNPC” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdebinde - Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okamaga Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny iberýär.