HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Premýer Li: Hytaý bütin dünýäden zehinlere açykdyr

Fewral 06, 2024 | 14:02 |6020
Hytaýyň premýer-ministri Li Sýan ýekşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň bütin dünýäden zehinlere açykdygyny aýtdy diýip, «CGTN» habar berýär.Hytaýyň premýer-ministri Li Sýan ýekşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň bütin dünýäden zehinlere açykdygyny aýtdy diýip, «CGTN» habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaýyň premýer-ministri Li Sýan ýekşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň bütin dünýäden zehinlere açykdygyny aýtdy diýip, «CGTN» habar berýär.

Bu barada premýer-ministr Li Sýan Hytaýyň Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Hytaýyň Hökümetiniň dostluk baýragynyň 2023-nji ýyldaky eýeleri we daşary ýurtly bilermenler bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi.

Li Hytaýyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşmakda daşary ýurtly bilermenleriň möhüm ornuna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol ýurduň daşary ýurtly bilermenleriň işi üçin giňişlik hödürlemäge we olar üçin has gowy şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Li Sýan daşary ýurtly bilermenleriň Hytaýyň ösüşine işjeň gatnaşmagyny görmek isleýändigini belledi we olaryň ýurt bilen dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda köpri bolup hyzmat etjekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem ol bilermenleriň Hytaýy ösdürmek boýunça we Hökümetiň işi baradaky tekliplerini diňledi. Şweýsariýadan, Germaniýadan, Braziliýadan, Koreýa Respublikasyndan, Taýlanddan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan bilermenler ylym we tehnologiýalar, «ýaşyl» ösüş hem-de işgärleri taýýarlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada çykyş etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026