HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda talyplaryň arasynda kiberbäsleşik geçiriler

Fewral 07, 2024 | 00:04 |7605
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hakaton geçiriler.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hakaton geçiriler.
Çeşme: tdbgi.edu.tm

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hakaton geçiriler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

«CyberQuest» diýen ady alan tehnologiýa bäsleşigi 18-19-njy martda ady agzalan institutda toparlaýyn görnüşde toplanan utuklaryň hasaplanylmagy esasynda geçiriler. Oňa her okuw mekdebinden 3 topar gatnaşyp bilýär. Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän toparlar özleriniň ýüztutmalary 1-nji marta çenli tdbgi.hakaton@gmail.com salgyly elektron poçta ugratmalydyrlar.

«CyberQuest» atly iki günlük tehnomarafon häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sanly çözgütleri işläp taýýarlamaga ukyply zehinleri ýüze çykarmagy maksat edinýär. Şeýle hem bäsleşik maglumat tehnologiýalary ulgamynda ýokary derejeli bilermenleri taýýarlamaga we talyp ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026