

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy: Azerbaýjandaky saýlawlara gatnaşmak üçin äşhli şertler döredildi
7-nji fewralda Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahow türkmen we täjik kärdeşleri bilen duşuşdy.


7-nji fewralda Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahow türkmen we täjik kärdeşleri bilen duşuşdy.


Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň paýtagtyndaky iri ýylylyk elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn durmagy bilen bagly iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna hoşallyk bildirdi.


Sişenbe güni, 6-njy fewralda «Al-Raýýan» stadionynda Iordaniýanyň ýygyndy topary taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň finalyna çykdy. Iordaniýalylar Günorta Koreýanyň toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.


Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk sebitleriniň biri bolan Türkiýe 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçyny özüne çekmek bilen, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 10% ösüş gazandy. Ýurduň syýahatçylyk pudagyndan gazanýan girdejisi 17% artyp, 54,3 milliard dollara ýetdi. Şunda myhmanlaryň bir gijede harçlaýan puly, ortaça, 99 dollara deňdir. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen mejlisde habar berdi.


Şu günler, has takygy fewral aýynyň 5-9-y aralygynda Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki okuw çäresi geçirilýär.


18 ýaşyna ýeten, işjeň ses bermek hukugyna eýe bolan, hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýa-da Türkmenistanda uzak möhletli iş sapary bilen işleýän Azerbaýjanyň raýatlary, Azerbaýjanyň ilçihanasynda döredilen 48-nji saýlaw uçastogynda Prezident saýlawlaryna ses bermäge gatnaşýarlar.


6-njy fewralda Daşkentde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň energetika we suw edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy bolup, onda suw we energetika hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) 2035-nji ýyla çenli özbaşdak kosmos stansýasyny döretmegi meýilleşdirýär.


BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Wepa Hajiýew 6-njy fewralda OHCHR-iň baş edarasynda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türk bilen duşuşdy.


“Hatyra otlusy” taslamasynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň ýokary synp mekdep okuwçylary 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuny başyndan geçiren Russiýanyň we Belarusyň şäherlerine ýolagçy otlusynda iki hepdeläp syýahat edip bilerler.


Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan sebitiniň häkiminiň ykdysady meseleler boýunça utgaşdyryjy orunbasary Saýed Mohammed Dehnewi eýran tarapynyň ýakyn iki aýyň dowamynda Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyna çenli awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişjekdigini mälim etdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Özbegistanyň Daşary işler we Ulag ministrlikleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler.


Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky 300 gektar ýerde bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony enjamlaşdyryp gurnamak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şerti bilen açyk görnüşli bäsleşik yglan etdi.


ORIENT okyjylara 2024-nji ýylda Türkiýede geçiriljek halkara sergileriň we ýarmarkalaryň sanawyny hödürleýär.


13-nji fewralda sagat 17:00-da “Go Viral” jemgyýetine gatnaşyjylaryň sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.