Mary – Tejen – Aşgabat welomarafonyna gatnaşyjylaryň ýörişi Aşgabatda tamamlandy


Geçilen aralygy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça goýlan welosipedli ýöriş Aşgabatda tamamlandy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.
Marafon 31-nji maýda Mary şäherinde badalga aldy. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 60 töweregi türgen, şol sanda ýurduň milli ýygyndysynyň agzalary uzynlygy 335 kilometre deň bolan aralygy geçdiler.
Welomarafonyň pellehanasy Aşgabatdaky «Welosiped» binasy bolup, oňa gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe goşuldylar.
Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredildi.
ORIENT news








