HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Awgust 12, 2024 | 15:50 |10578
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýaponiýanyň premýeriniň edarasynda habar berilşi ýaly, “Söhbetdeşligiň başynda Premýer-ministr Kisida 8-nji awgustda Miýadzaki prefekturasynyň kenarýakasynda bolup geçen ýertitremde hem-de şol gün Ýaponiýanyň meteorologiýa agentliginiň güýçli ýertireme baradaky duýdurmalaryndan soň çökgünligi dolandyrmak hem-de tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak maksady bilen “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň sammitine gatnaşmagyny yza süýşürendigini düşündirdi”.

Kisida Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa bilen özara gatnaşyklaryny hem-de Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk ösdürmäge taýýardygyny aýratyn belläp geçdi. Premýer-ministr saparyna görülen taýýarlyk işleri üçin özüniň minnetdarlygyny bildirip, bu gezek Merkezi Aziýa gelip bilmändigini gynançlyk bilen belläp, geljekki saparlaryny amatly ýagdaýda amala aşyrmak isleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Kisidanyň bu alan çözgüdine düşünişmek bilen garap, Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk pugtalandyrmak işlerini dowam etmek isleýändigini belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan Ýaponiýa bilen döwletara gatnaşyklaryna örän ýokary baha berip, ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegine Türkmenistan aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

TDH habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, “Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen diňe ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem abraýly halkara guramalarynyň, ilki bilen Birleşen Miletler Guramasynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi tassykalndy”.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon dialogynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm orun berilýändigi bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026