Habarlar

TIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolundaTIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolunda

TIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolunda

Golaýda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) bilen bir wagtda möhüm wakany öz içine alýan çäreni ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki bilermenler toparynyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşygyň mowzugy Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş ulgamynyň (TMMU) döredilmegi bolar. Bu çäre, esasy döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny we bilermenlerini bir ýere jemläp, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna netijeli ýetmegiň ýollaryny we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşar.

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen kompaniýalary Kazan Halal Market sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak üçin çagyryldyTürkmen kompaniýalary Kazan Halal Market sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak üçin çagyryldy

Türkmen kompaniýalary Kazan Halal Market sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak üçin çagyryldy

Türkmenistan we Tatarystan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kompaniýalaryny döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Oba senagat toplumy pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça garşylykly teklipler barada Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki 9-njy mejlisinde habar edildi.

«Татнефть» Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär«Татнефть» Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär

«Татнефть» Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär

27-nji awgust, sişenbe güni Kazan şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň maslahatynda Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmek meselesi, Arkadag şäherinde fiziki erginini we derman serişdelerini öndürmek üçin lukmançylyk senagaty klasterini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.