HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Oktýabr 29, 2024 | 09:15 |1444
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidirTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistan we Ermenistan köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler.

Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar.

Konserte gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, türkmen we ermeni halklaryny taryhy taýdan şertlendirilen hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny düzýän köp umumylyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde halklarymyzyň baý taryhyny, medeniýetini öwrenmek boýunça köp ýyllardan bäri bilelikdäki işler amala aşyrylýar.

Çärä gatnaşyjylar parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk, medeniýeti we sungaty ösdürmek syýasatyny alyp barýandyklary üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra, dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyna halk sazlary we aýdymlary, nusgawy, estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Kino sungatynyň muşdaklaryna ermeni kinematograflarynyň dürli ýyllarda surata düşüren kinofilmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin “Aşgabat” kinoteatrynda we “Watan” kinokonsert merkezinde kinofilmleriň görkezilişleri guraldy.

Ermenistandan gelen myhmanlar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerleri, muzeýleriň täsin gymmatlyklary bilen ýakyndan tanşarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026