HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kremniý jülgesinde Merkezi Aziýanyň iri startup-kompaniýalarynyň döremegini çaklaýarlar

Oktýabr 28, 2024 | 10:36 |8052
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ýerleşýän Kremniý jülgesinde indiki 10-15 ýylyň içinde Merkezi Aziýanyň iri startup-kompaniýalarynyň döremegine garaşylýarABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ýerleşýän Kremniý jülgesinde indiki 10-15 ýylyň içinde Merkezi Aziýanyň iri startup-kompaniýalarynyň döremegine garaşylýar
Çeşme: loveopium.ru

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ýerleşýän Kremniý jülgesinde indiki 10-15 ýylyň içinde Merkezi Aziýanyň iri startup-kompaniýalarynyň döremegine garaşylýar.

Bu barada Kremniý jülgesiniň taryhynda ilkinji Central Eurasia at Silicon Valley tehnologik maslahatynyň guramaçylary habar berdiler diýip, “Kazinform” halkara agentiligi Respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligine salgylanyp habar berýär.

Çäre Kremniý jülgesi üçin alamatly ýer bolan Yerba Buena Arts Center zalynda geçirildi. Hut şol ýerde Apple kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobs ilkinji gezek iPhone we iPad modelleri bilen tanyşdyrdy.

Maslahata Respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministri Žaslan Madiýew gatnaşdy. Guramaçylaryň pikirine görä, Merkezi Ýewraziýa üsti açylmadyk ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan gülläp ösýän sebitidir. Umumy ilaty 100 mln adama deň we orta ýaşy 27 bolan bu sebitiň 200 müňe golaý adamsy STEM ugry (science, technology, education, mathematics) boýunça bilim alýarlar.

Sebitiň tech-senagaty boýunça ösmek üçin ähli zerur mümkinçilikleri bar: uniwersitetler, startup-ekoulgamy, wençur gaznalar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026