HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Almatyda geçirilýän “Merkezi Aziýada durnuklylyk üçin ýaşlar” forumyna gatnaşýar

Oktýabr 29, 2024 | 00:42 |8062
28-nji oktýabrda Almaty şäherinde sebitdäki zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryna bagyşlanan “Merkezi Aziýanyň durnukly geljegi üçin ýaşlar” atly forumy öz işine başlady. Çärä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, şol sanda döwlet edaralarynyň wekilleri, dini ýolbaşçylary, döredijilik adamlary we ýaşlary gatnaşdy.28-nji oktýabrda Almaty şäherinde sebitdäki zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryna bagyşlanan “Merkezi Aziýanyň durnukly geljegi üçin ýaşlar” atly forumy öz işine başlady. Çärä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, şol sanda döwlet edaralarynyň wekilleri, dini ýolbaşçylary, döredijilik adamlary we ýaşlary gatnaşdy.
Çeşme: undp.org

28-nji oktýabrda Almaty şäherinde sebitdäki zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryna bagyşlanan “Merkezi Aziýanyň durnukly geljegi üçin ýaşlar” atly forumy öz işine başlady. Çärä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, şol sanda döwlet edaralarynyň wekilleri, dini ýolbaşçylary, döredijilik adamlary we ýaşlary gatnaşdy.

102024-turkmenistan-centralnoj-azii-v-almaty (5).jpg

Forum Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) sebitleýin başlangyjynyň we Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe goldawynyň çäginde gurnaldy. Forumyň maksady, Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizme garşy göreşmegiň serişdesi hökmünde durnukly jemgyýetleriň döremegine goldaw bermekden ybarat.

102024-turkmenistan-centralnoj-azii-v-almaty (2).jpg

Forum, täze başarnyklary ösdürmek üçin başlangyçlaryň ähmiýetini açyp, ýaşlaryň mümkinçilikeri arkaly meseleleri çözmek üçin meýdançany üpjün etdi.

Forumyň esasy sessiýasy, zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin möhüm strategiýa hökmünde ýaşlary iş bilen üpjün etmeklige bagyşlandy; Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden hökümet edaralarynyň wekillerini ýygnady.

imgonline-com-ua-2to1-e0NHMNp545.jpg

Ara alyp maslahatlaşmalarda ýaşlaryň radikallaşmagynyň öňüni almakda dini we ýerli jemgyýetleriň ähmiýeti hem öwrenildi. Şeýle hem, gatnaşyjylar hususy pudagyň ýaşlaryň telekeçiligini we iş üpjünçiligini ösdürmekde berýän goldawyny ara alyp maslahatlaşdylar.

102024-turkmenistan-centralnoj-azii-v-almaty (6).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026