Habarlar

Hytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýolladyHytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýollady

Hytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýollady

Hytaý düzüminde üç taýkonawtly “Şençžou-19” älem gämisini özüniň “Týangun” orbita stansiýasyna ýollady. China Daily-nyň habar bermegine görä, goýberiş 30-njy oktýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan pekin wagty boýunça sagat 04:27 “Çançžen-2F” raketa-göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.

Türkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýarTürkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýar

Türkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýar

Aşgabat şu ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET 2024) atly Halkara maslahaty we sergini kabul etmäge taýýarlanýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek üç günlük çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi çykyş edýärler.

Türkmenistanda ýaş hünärmenler üçin zähmet frilans boýunça okuw maksatnamasy başlaýarTürkmenistanda ýaş hünärmenler üçin zähmet frilans boýunça okuw maksatnamasy başlaýar

Türkmenistanda ýaş hünärmenler üçin zähmet frilans boýunça okuw maksatnamasy başlaýar

USAID-iň häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça (YDA) taslamasynyň frilansa (şertnamasyz uzak aralykdan gysga möhletli iş) bagyşlanan täze okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu maksatnama, ýerli we halkara bazarlarda uzakdan üstünlikli işlemek üçin başarnyklaryny ösdürmek isleýän ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

CNPC we “КазМунайГаз” Gyzylorda oblastynda nebitiň gözlegi boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlarCNPC we “КазМунайГаз” Gyzylorda oblastynda nebitiň gözlegi boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar

CNPC we “КазМунайГаз” Gyzylorda oblastynda nebitiň gözlegi boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar

CNPC Hytaýyň milli nebit-gaz kompaniýasy Gazagystan Respublikasynyň “КазМунайГаз” (golçur kompaniýasy - “Samruk-Kazany”) milli nebit-gaz kompaniýasy bilen bilelikde Gazagystanyň Gyzylorda oblastynda nebitiň gözlegleri boýunça iş layp barar. Bu barada “КазМунайГаз” milli kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýeti habar berýär.