HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmennebit” Döwlet konserni enjamlary satyn almak barada halkara bäsleşigini yglan edýär

Noýabr 21, 2024 | 07:40 |6291
“Türkmennebit” Döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça № 150 halkara açyk bäsleşigini yglan edýär:“Türkmennebit” Döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça № 150 halkara açyk bäsleşigini yglan edýär:
Çeşme: tngizt.gov.tm

“Türkmennebit” Döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça № 150 halkara açyk bäsleşigini yglan edýär:

Lot № 2 – umumy zawod, tehnologiýa, buraw enjamlary.

Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 56, 4nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça Size aşakdakylar teklip edilýär:

  • Bäsleşige gatnaşmak barada gatnaşyjynyň doly adynyň, onuň hukuk derejesiniň, hasaba alnan ýurduň adynyň we hasaplaşyk hasaplarynyň görkezilmegi bilen isleg arzasyny tabşrymak (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da olarda bank hasaplaryna eýe bolan gatnaşyjylaryň isleg arzalary kabul edilmeýär);

    “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşigi geçirmek baradaky düzgünlerden” göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar sanawy bilen tanyş bolmak;

    Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşige mugt esasda gatnaşmak üçin bir lot üçin 575 amerikan dollar möçberinde ýa-da manat ekwiwalentinde (goşmaça gymmada bolan salgytsyz) serişdeleriň tölegine hasap almaly.

    Ýokarda agzalan bäsleşige gyzyklanma bildirýän ähli mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp biler. Ähli gerekli maglumatlar bilen www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylary ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça tanşyp bolar.

    Bäsleşik teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde bu bäsleşik baradaky bildirişiň resmi çap edilen senesinden 30 (otuz) iş günüň dowamynda, emma 30-njy iş günüň sagat 16:00 (ýerli wagt boýunça) çenli kabul edilýär.

Bellenen seneden soň gelen teklipler garamaga degişli edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda beriler. Doly bäsleşik teklibini öz içine alýan, mastika möhüri bilen tassyklanan berkidilen bir bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça bildirişiň çap edilen pursadyndan başlap tabşyrylýar we hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň garamaga degişli bolýar.

Bäsleşik bukjasyna hökmany tertipde anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” görnüşinde) we tehniki-ykdysady görnüşleriniň sanawy (“Excel” görnüşinde) goýulmaly. Maglumat üçin telefon belgileri: 40-39-24 (isleg arzalaryny tabşyrmak üçin faks); 40-39-93; 40-31-59; 40-39-31 (tehniki soraglar üçin); elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026