Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Näme, nirede we haçan: dynç alyş günleriň medeni wakalary

Noýabr 21, 2024 | 09:00 |7239
Türkmenistanda ýetip gelýän dynç günleri ýurduň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baý mazmunly medeni çäreler bilen begendirer. Bu sanawda – daşary ýurtly sazandalaryň gatnaşmagyndaky konsertler, simfoniki orkestrleriň çykyşlary, şeýle hem ajaýyp oýunlar bar.Türkmenistanda ýetip gelýän dynç günleri ýurduň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baý mazmunly medeni çäreler bilen begendirer. Bu sanawda – daşary ýurtly sazandalaryň gatnaşmagyndaky konsertler, simfoniki orkestrleriň çykyşlary, şeýle hem ajaýyp oýunlar bar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm

Türkmenistanda ýetip gelýän dynç günleri ýurduň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baý mazmunly medeni çäreler bilen begendirer. Bu sanawda – daşary ýurtly sazandalaryň gatnaşmagyndaky konsertler, simfoniki orkestrleriň çykyşlary, şeýle hem ajaýyp oýunlar bar.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçiriljek iki sany saz çäreleri aýratyn üns çekijidir:

22 noýabrda sagat 19:00-da Germaniýadan Berlin döwlet orkestriň konserti geçiriler.

23-nji noýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriň koreý sungat ussatlary bilen bilelikdäki çykyşlary geçiriler.

Şeýle-de, Ýewropa medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki Antonio Flintyň meşhur italýan jaz trio toparynyň konserti esasy wakalaryň biri bolar.

Sazandalar Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 24-nji noýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryna çagyrýarlar. Konsert maksatnamasy ýaş milli arstitler bilen bilelikde ýerine ýetirilen türkmen medeniýetinden ruhlandyrylan jaz äheňlerini, balladalary we owazlary birleşdirer.

Teatr muşdaklary üçin ýurduň dürli teatr sahnalarynda görkeziljek oýunlar:

S.Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

22-nji noýabr – “Perwana” (19:00);

23-nji noýabr – “Hoşlaşasym gelenok” (19:00);

24-nji noýabr – “Gelinler” (19:00).

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry:

22-nji noýabr – “Batyr towşan” (11:00) we “Mähriban dideler” (19:00);

23-nji noýabr – “Näzli dildarym” (19:00);

24-nji noýabr – “Gaçyň gelýärler” (19:00).

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

22-nji noýabr – “Maşgala syry” (19:00);

23-nji noýabr – “Maşa we aýy” (12:00) we “Aýal doganlar” (19:00);

24-nji noýabr – “Gyzyl papajyk” oýnunyň iki görkezilişi (11:00 we 13:00), şeýle hem “Halklaryň dostlugy” tomaşasy (19:00).

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

23-nji noýabr – “Amanat giýew” (19:00);

24-nji noýabr – “Gülki agşamy” (19:00).

Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry:

23-nji noýabr – “Şowhunly tomaşa” (19:00);

24-nji noýabr – “Gumly gelin” (19:00).

Türkmen Döwlet gurjak teatry:

23-nji noýabr – “Alýaňak” (17:00) we “Juwan kalbym joşanda” (19:00);

24-nji noýabr – “Balykçy we balyjyk” oýnunyň iki görkezilişi (12:00 we 17:00) we “Şadyýan şow” (19:00).

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026