HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşanbede türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri geçirildi

Noýabr 21, 2024 | 14:21 |7674
20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna – onuň kärdeşi Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna – onuň kärdeşi Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna – onuň kärdeşi Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyk iki ýurduň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädim boldy. Geňeşmä gatnaşyjylar ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň möhümdigini bellediler we halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde bilelikdäki işe ünsi jemlediler.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky häzirki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşini bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin esas döredýän şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar eksport-import amallarynyň mukdaryny artdyrmak, harytlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, şeýle hem söwda we ykdysady ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy gün tertibinde möhüm orny eýeledi. Diplomatlar ylym we bilim pudagynda özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesini bellediler we yzygiderli medeni we ylmy alyş-çalyşlary guramagyň möhümdigini bellediler.

21112024-turkmeno-tadzhikskie-politicheskie-konsultacii (3).jpg

Täjigistana saparynyň çäklerinde Ahmet Gurbanow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen hem duşuşdy. Taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026