HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda Internet meseleleri boýunça Ählumumy maslahatyň Uçžen sammiti açyldy

Noýabr 21, 2024 | 13:00 |7161
Hytaýyň Gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Uçžen şäherçesinde 2024-nji ýylyň Internet meseleleri boýunça Ählumumy maslahatyň Uçžen sammiti (WIC) açyldy. Çäre 1000-den gowrak wekilleri, şol sanda halkara guramalaryň, döwlet edaralaryň, meşhur Internet-kompaniýalaryň wekillerini, şeýle hem bilermenleri we alymlary ýygnady.Hytaýyň Gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Uçžen şäherçesinde 2024-nji ýylyň Internet meseleleri boýunça Ählumumy maslahatyň Uçžen sammiti (WIC) açyldy. Çäre 1000-den gowrak wekilleri, şol sanda halkara guramalaryň, döwlet edaralaryň, meşhur Internet-kompaniýalaryň wekillerini, şeýle hem bilermenleri we alymlary ýygnady.
Çeşme: news.cgtn.com

Hytaýyň Gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Uçžen şäherçesinde 2024-nji ýylyň Internet meseleleri boýunça Ählumumy maslahatyň Uçžen sammiti (WIC) açyldy. Çäre 1000-den gowrak wekilleri, şol sanda halkara guramalaryň, döwlet edaralaryň, meşhur Internet-kompaniýalaryň wekillerini, şeýle hem bilermenleri we alymlary ýygnady.

2024-nji ýylyň bu çäräniň mowzugyň ady - “Adamlara we Emeli aňyň bähbit üçin ulanylmagyna gönükdirilen sanly geljegiň kabul edilmegi: kibergiňişlikde umumy geljegi bolan bileleşigiň gurulmagy”. Ol Ösüşiň ählumumy başlangyjy, sanly ykdysadyýet we emeli aň tehnologiýalaryny dolandyrmak (EA) ýaly 24 bölümçäni öz içine alýar.

Gatnaşyjylar emeli aň, uly maglumatlar, bulutlaýyn hasaplama we blokçeýn ulgamlary boýunça innowasiýalary ösdürip, şol bir wagtyň özünde ylmy gazananlary amaly gollanmalara öwürmek işini çaltlaşdyrmaga çagyrdylar. Şeýle-de, gatnaşyjylar adamlaryň maddy hal-ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen emeli aňyň ösdürilmegine ýardam etmek babatda bir umumy pikire geldiler. Bu tagallalar jemgyýetçilik howpsuzlygyna, adam hukuklarynyň hormat goýulmagyna, ählumumy gymmatlyklara we adamlara gönükdirilen emeli aň tehnologiýalary babatda etiki çemeleşmä ähmiýet bermeli.

“Emeli aň adamlaryň ýaşaýşyny orän ýokary tizlikde üýtgedip dur” – diýip, BMG-niň ykdysady we jemgyýetçilik meseleleri boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Li Szýunhua açylyş dabarasynda gatnaşyjylara wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenip belledi.

Şeýle-de, baş forumyň çäklerinde Internetiň ösdürilmegine goşan goşandy üçin 18 sany WIC 2024 Global Youth Leaders liderleri sylaglamak dabarasy geçirildi. 2023-nji ýylda döredilen WIC Global Youth Leadership Programm Maksatnamasy bütin dünýäde Internet ulgamy boýunça ýaş zehinleri ýüze çykarýar.

Sammitde ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra WIC seljeriş merkeziniň hyzmatdaşlyk maksatnamasyny hem-de WIC sanly akademiýany işe girizmek dabarasy geçirildi.

WIC Digital Academy sanly pikirlenme we endiklerine eýe bolan professionallary taýýarlamaga niýetlenen. Bilimleriň we tehnologiýalaryň ählumumy akymyna ýardam etmek bilen, Institut sanly deňsizligi ýeňip geçmegi hem-de has köp ýurtlary we adamlary Internet ösüşiniň artykmaçlyklary bilen üpjün etmegini maksat edinýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026