Habarlar

Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýarGyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada ministr 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli çärede aýtdy.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolarTürkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar

9-12-nji oktýabrda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar. Şeýlelik bilen, şol günler Aşagabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Türkmenabatda – glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň we Mary welaýatynda – welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynyň açylyş dabaralary bolar.