

Aşgabatda Russiýanyň Medeniýet günleri geçiriler
Geljek hepde Aşgabatda boljak Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşginde dürli çäreler meýilleşdirilýär.


Geljek hepde Aşgabatda boljak Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşginde dürli çäreler meýilleşdirilýär.


8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwletl baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde Uly Kreml köşgünde geçirilen mejlisine gatnaşdy.


Daşkentde donor plazmasyny ýygnamak boýunça “Feruza” atly Merkezi Aziýanyň ilkinji merkezi açyldy.


7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilip, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gazak kinematografy, saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.


Brýusselde, Ýewropanyň Aziýa barlag institutynda (European Institute of Asian Studies) Hazaryň deňzinde ýüze çykýan häzirki howa meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Ara alyp maslahatlaşma diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň we analitik merkezleriniň wekilleri gatnaşdy.
Moskwada Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubleýine bagyşlanan ajaýyp “Sazly illýustratiw ýygyndy” neşir edildi. Bu ýygyndy, “Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri” we illýustratiw “Şekili” öz içine alýan kompozitoriň bäsleşiginiň ýeňijileriniň eserlerini öz içine alýan hakyky döredijilik tapyndylaryna öwrüldi.


Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahat geçirildi.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ABŞ-da Türkmenistanyň Ilçihanasynda türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlerde öz beýanyny tapan ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 18 geleşik hasaba alyndy.


Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň şu hepde ýagny 10-13-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar.


GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 7-nji oktýabrda Moskwada geçirilen mejlisinde “Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan edilmegine bagyşlanan 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.


7-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlady, ol ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutany Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşar.


Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) 29-njy Halkara maslahatynyň we sergsiniň taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hem-de “Türkmengeologiýa” Döwlet konserni tarapayndan guraljak çäre halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi.


Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli gutlap, rus kärdeşiniň adyna gutlag ýollady.


Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň “Uzynada” käninde täze buraw guýylaryň gurluşygy tamamlanyp, olar işe girizildi.