HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda lukmançylyk ylmy we innowasiýalar barada täze ylmy elektron žurnaly dörediler

Noýabr 30, 2024 | 10:40 |8264
Teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.Teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Çeşme: sng.today

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Onda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026