Habarlar

Aşgabatda türkmen-hytaý iş topary maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdyAşgabatda türkmen-hytaý iş topary maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda türkmen-hytaý iş topary maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

14-nji oktýabr, duşenbe güni Aşgabatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň maý aýynda “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerindäki öňegidişlikler seljerildi we mundan beýläkki özara hyzmatdaşlyklar üçin möhüm ugurlar kesgitlenildi.

ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda suw tygşytlamak başlangyjy durmuşa geçirýärÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda suw tygşytlamak başlangyjy durmuşa geçirýär

ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda suw tygşytlamak başlangyjy durmuşa geçirýär

ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda suwdan tygşytly peýdalanmaga we suw çeşmelerini dolandyrmakda durnukly tejribäni birleşdirmäge gönükdirilen innowasiýa başlangyjy durmuşa geçirip başlady. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy BMG-nyň 10 guramasy bilen çäkleri paýlaşýar, bu ýerdäki töwerekleri yzygiderli suwarmak we abatlamak ep-esli suw talap edýär. Hasaplamalara BMG-nyň edara binasynyň meýdanyny suwarmak üçin her ýyl 14,000-17,000 litr aralygynda suw ulanylýar.

Türkmenistan BSG-na goşulmak ugrunda täze kanun taslamalary taýýarlanýarTürkmenistan BSG-na goşulmak ugrunda täze kanun taslamalary taýýarlanýar

Türkmenistan BSG-na goşulmak ugrunda täze kanun taslamalary taýýarlanýar

Geçen hepde Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Arassaçylyk we fitosanitar çäreleri” atly ylalaşyklaryň düzgünleri we ýagdaýy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Halkara söwda merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy we Arçabil myhmanhanasynda geçirildi.

USAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi telekeçilik okatmak usulýetini kämilleşdirýärlerUSAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi telekeçilik okatmak usulýetini kämilleşdirýärler

USAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi telekeçilik okatmak usulýetini kämilleşdirýärler

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasynyň (YDA) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler Mekdebiniň hyzmatdaşlygy Türkmenistanda ýaş telekeçiligi ösdürmekde başlangyçlaryň biri bolup durýar. Bu başlangyç häzirki zaman işewürlik dünýäsinde üstünlikli işi alyp barmak üçin zerur bolan amaly başarnyklaryny ýaş telekeçilere öwretmek usullaryny we tejribesini kämilleşdirmäge gönükdirilen

Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildiAşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.