HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda "Häzirki zaman rus dili. Söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ sintaksisy" atly täze okuw kitaby neşir edildi

Dekabr 10, 2024 | 11:00 |5632
Türkmenistanda "Häzirki zaman rus dili. Söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ sintaksisy (awtorlary: N.Titowa, G.Goleýewa - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy)" atly täze okuw kitaby neşir edildi.Türkmenistanda "Häzirki zaman rus dili. Söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ sintaksisy (awtorlary: N.Titowa, G.Goleýewa - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy)" atly täze okuw kitaby neşir edildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda "Häzirki zaman rus dili. Söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ sintaksisy (awtorlary: N.Titowa, G.Goleýewa - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy)" atly täze okuw kitaby neşir edildi.

Bu "Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasy", "2028-nji ýyla çenli umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyñ usulyýetini kämilleşdirmegiñ konsepsiýasy" ýaly möhüm resminamalary durmuşa geçirmekde ähmiýetli ädim boldy. Bu konsepsiýalar ýokary hünär işgärleri taýýarlamakda, tutuş okuw prosesiniñ gurluşyny we mazmunyny täzelemekde, täze okuw maksatnamalary, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny döretmekde, olaryñ mazmunyny kämilleşdirmekde we döwrebaplaşdyrmakda, okatmagyñ interaktiw usullaryny ornaşdyrmakda täze çemeleşmäniñ zerurlygyny kesgitlediler.

Täze neşir edilen "Häzirki zaman rus dili. Söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ sintaksisy" atly okuw kitaby dilçi talyplaryñ , geljekki rus dili mugallymlaryñ, şeýle hem rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýänleriñ özbaşdak işini guramak üçin niýetlenen. Bu bolsa onuñ gurluşynyñ we mazmunynyñ aýratynlyklaryny kesgitleýär. Diñe nazary maglumatlary ýa-da gönükmeleri öz içine alýan sintaksis boýunça adaty okuw kitaplaryndan tapawutlylykda ýokarda agzalan okuw kitaby sintaksis birlikleri bilen başlangyç tanyşdyrylyşy hem-de olaryñ esasy aýratynlyklaryny özleşdirmek üçin zerur bolan materiallaryñ ähli toplumyny öz içine alýar: nazaryýet barada maglumatlar hem-de dürli görnüşdäki amaly we barlag ýumuşlaryñ ulgamyny. Şeýle hem, ol beýleki okuw kitaplary we ylmy-barlag neşirleri öñünden düzedip goýmakda ýa-da üstüni dolmakda ulanylyp bilner.

Okuw kitaby esasy iki sany sintaksis birlikleriniñ teswirlemesini öz içine alyp, iki sany bölümden ybarat: söz düzüminiñ sintaksisy, hem-de sada sözlemiñ sintaksisy. Gurluş-semantiki çemeleşmä laýyklykda her bir sintaksis birligi üçin onuñ gurluşynyñ (grammatiki görnüşi) hem-de mazmunynyñ (grammatiki manysynyñ) derñewi getirilýär.

Onuñ her bir bölümi sintaksis birliginiñ alamatlaryna has gowy düşünmekde zerur bolan hem-de geljekde bu birlik baradaky maglumatlar toparyny has giñeltmäge we degişli dil materialyny çuñlaşdyryp öwrenmäge mümkinçilik berýän nazaryýet boýunça gysgaça maglumatlary öz içine alýar. Nazary materialyñ sintaksis birlikleriniñ derñew nusgalary bilen üsti ÿetirilýär.

Nazaryýet boýunça maglumatlardan soñ "sadadan çylşyrymla" diýen ýörelgesine görä düzülen gönükmeler ulgamy hödürlenilýär. Bu bolsa talyplara esasy düşünjelere akyl ýetirmäge hem-de olaryñ başlangyçdan köplenç mugallym tarapdan kömegi talap edýän has çylşyrymla görä özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Okuw kitabynyñ materialy häzirki zaman rus dili boýunça umumy maksatnamasyna laýyklykda düzülen. Rus ýazyjy-şahyrlaryñ eserlerinden alnan bölekler, döwürleýin neşir materiallary, nakyllar we atalar sözleri hakyky materialyñ çeşmesi bolup hyzmat etdi.

Söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ häsiýetlendirmesi üçin teklip edilen ähli ýumuşlaryñ ýerine ýetirilmeginden soñ, talyplar nazary bilimlerini berkidip, haýsy-da bolsa bir sintaksis birligini dogry ulanmagy öwrenerler.

Okuw kitabynda nazary bilimi berkitmäge ýardam edip biljek söz düzümleriñ we sada sözlemleriñ derñewiñ nusgalaryny we çyzgylaryndan ybarat goşundy hem getirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026