HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Dekabr 11, 2024 | 11:10 |5297
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz Mohammad Al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz Mohammad Al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz Mohammad Al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga iki döwletiň ilçileri Myratgeldi Seýitmämmedow we Hamad Al-Azbi, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdylar.

Taraplar Katar Döwletiniň Diplomatiýa instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjek täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministri şu ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetirilen wezipeleri mysal getirmek bilen, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda amala aşyran resmi saparlarynyň özüniň oňyn ýardamyny berendigini buýsanç bilen belläp geçdi. Jumamyrat Gurbangeldiýew hormatly myhmana Katar Döwletiniň Diplomatiýa instituty bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Abdulaziz Mohammad Al-Horr, agzalan teklipleri makullap, olary iş ýüzünde amal etmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem, özüniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp görendigini, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň öňünde çykyş edendigini hem-de türkmen talyplarynyň zehininiň özünde uly täsir galdyrandygyny buýsanç bilen nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda bildirilýän gyzyklanmalar we teklipler üçin birek-birege hoşallygyny bildirdiler hem-de bu babatda gatnaşyklaryň özara bähbitli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026