HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID türkmen telekeçilerini UzFood 2025-e çagyrýar

Dekabr 10, 2024 | 14:40 |6768
Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça USAID-iñ taslamasy (USAID/FGI) türkmen telekeçilerini "Iýmit önümleri, iýmit düzümleri we önümçilik tehnologiýasy - UzFood 2025" atly 24-nji halkara sergisine gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar.Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça USAID-iñ taslamasy (USAID/FGI) türkmen telekeçilerini "Iýmit önümleri, iýmit düzümleri we önümçilik tehnologiýasy - UzFood 2025" atly 24-nji halkara sergisine gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar.
Çeşme: uzfoodexpo.uz

Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça USAID-iñ taslamasy (USAID/FGI) türkmen telekeçilerini "Iýmit önümleri, iýmit düzümleri we önümçilik tehnologiýasy - UzFood 2025" atly 24-nji halkara sergisine gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar.

Sergi Özbegistanyñ Daşkent şäherinde 2025-nji ýylyñ 8-10-njy apreli aralygynda geçiriler.

UzFood Merkezi Aziýanyñ azyk senagaty we iýmit önümleri pudagynda esasy waka bolup durýar. Her ýyl bu sergä azyk pudagynyñ öñdebaryjy öndürijileri, üpjün edijileri we lomaý satyjylary gatnaşýar.

UzFood sergisiniñ çäklerinde baý mazmunly işewürlik maksatnamasy geçiriler: Riteýl-merkezi (iýmit önümlerini öndürijileriñ satyn alyjylar, bölekleýin we lomaý satyjylar bilen duşuşyklary üçin ýöriteleşdirilen meýdançasy); forumlar, seminarlar we gatnaşyjylaryñ ussatlyk sapaklary.

USAID/FGI nämeleri teklip edýär?

Başlangyjyñ çäklerinde USAID/FGI gatnaşyjylary hasaba almak we sergi pawilýonyny kireýine almak bilen baglanyşykly çykdajylary öz üstüne alýar. Gatnaşyjylaryñ özi wiza, ýaşaýyş we ulag bilen bagly çykdajylary özbaşdak amala aşyrmaly.

Taslamanyñ maksady halkara bazara çykmakda türkmen öndüriilerine gokdaw bermekden, olaryñ dünýä bazaryndaky orunlaryny berkitmekden, türkmen brendleriniñ daşary ýurtda tanalmagyny artdyrmakdan ybarat.

Näme üçin gatnaşmaly?

UzFood 2025 türkmen kompaniýalaryna ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär:

Giñ halkara köpçüligini öz önümleri bilen tanyşdyrmak;

Bölekleýin we lomaý söwda satyn alyjylary bilen gatnaşyklary ýola goýmak;

Täze hyzmatdaşlary we müşderileri edinmek hem-de halkara bazar tendensiýalaryny öwrenmek.

Gyzyklanma bildirýän taraplar 2024-nji ýylyñ 22-nji dekabryna çenli şu salgy boýunça arzalary doldurmaly (ýerli wagt boýunça sagat 23:59 çenli).

Gatnaşyjylar bäsleşlik esasynda saýlanar, sebäbi ýer sany çäklendirilen.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026