HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Dekabr 09, 2024 | 10:05 |5087
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara maglumat toparynyň (DMT) Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara maglumat toparynyň (DMT) Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: e-cis.info

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara maglumat toparynyň (DMT) Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlis wideo-aragatnaşyk maslahaty görnüşide geçirildi.

Şeýle-de mejlise Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, şeýle hem “Mir” Döwletara tele-radio kompaniýasynyň (“Mir” DTRK), GDA gatnaşyjy-döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin işgärleri taýýarlamak boýunça GDA-nyň binýatlaýyn guramasy – “Media senagat akademiýasy” goşmaça hünär biliminiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň wekilleri bilen bilelikde synçy hökmünde gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2025-nji ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy – milletparazlyga garşy göreşmekde Parahatçylyk we Agzybirligiň Ýyly diýlip yglan edildi. Munuň bilen baglylykda, bu mowzuk Arkalaşygyň ýurtlarynyň tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň geljekki media taslamalarynyň üns merkezinde bolar.

GDA ýurtlarynyň tele-radio guramalaryna Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlap gepleşikleriň we dokumental filmleriň goýberilişini amala aşyrmak, şeýle hem öz ýurtlarynda bu şanly sene bilen baglanyşykly çäreleri hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek hem-de olaryň habarlaryny ýaýmak teklip edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylara 2025-nji ýylyň çärelerini şöhlelendirmekde işjeň gatnaşyp, wideo maglumatlary alyşmak üçin Döwletara maglumat toparyny bu işe çekmek teklip edildi. Toparyň işi Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara gatnaşygynyň göreldeli nusgasy bolup, hyzmatdaşlyk kuwwatyny güýçlendirýär.

Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylar Media senagat akademiýasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda işgärleri taýýarlamak, täzeden taýýarlamak we olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça tekliplerine garadylar, gysgamöhletleýin we uzakmöhletleýin geljekde degişli okuwlaryň geçirilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Arkalaşygyň tele-radio kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň indiki mejlisiniň 2025-nji ýylda Täjigistan Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026