Hyzmatlar söwdasy: Türkmenistan Halkara söwda merkeziniň goldawy bilen BSG-a goşulmak üçin taýýarlanýar


Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we baglanyşyk” atly Halkara söwda merkeziniň taslamasynyň çäginde Söwda syýasaty bölüminiň başlygy Žanna-Sebastýan Ruryň ýolbaşçylygyndaky HSM-niň wekiliýeti 4-7-nji mart aralygynda Türkmenistana sapar edýär. Wekiliýetiň düzüminde HSM-niň işgäri Darýa Karman, şeýle hem halkara bilermenleri Abdelhamid Mamdu we Gülnäz Ospanowa dagylar bar.
“Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we baglanyşyk” atly HSM-niň taslamasynyň düzüm böleklerinden biri, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak işine gatnaşmak üçin wezipeli adamlaryň we döwlet işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Saparyň çäginde 4-nji martda HSM-niň wekiliýeti bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi, bu ýerde işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we söwda syýasaty we BSG-ä girmek üçin zerur özgertmeleri amala aşyrmak üçin milli ministrlikleriň we pudklaýyn edaralaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Žan-Sebastýan Rur öz çykyşynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Türkmenistanyň BSG-ä girmek üçin tehniki goldaw bermek üçin işlemegiň, hünärmenleriň kömeginiň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen taslamanyň möhüm böleklerinden biridigini aýtdy. HSM-niň wekili mundan beýläkki hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we Türkmenistany dünýä söwdasyna üstünlikli goşmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar ýurduň durmuş-ykdysady syýasatynyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini beýan etdiler.
Şeýle hem, saparyň dowamynda 5-6-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri üçin BSG-niň hyzmatlar söwdasy baradaky düzgünleri boýunça iki günlük seminar geçiriler. Okuw maslahatyny hyzmatlar pudagyny kadalaşdyrmak we durmuşa geçirmek işine gatnaşýan ýurduň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň 50-ä golaý wekillerini bir ýere jemledi.

Öz çykyşynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BSG bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Ylham Ýaraşow: “Hyzmatlar söwdasy dünýä ykdysadyýetiniň ikinji derejeli tarapy däl-de, eýsem onuň esasy elementine öwrüldi. Telekommunikasiýadan syýahatçylyga, maliýe hyzmatlaryndan ulaga çenli hyzmatlar pudagy innowasiýa itergi berýär, iş orunlaryny döredýär we ykdysady durnuklylygy ösdürýär. Türkmenistan üçin, onuň strategiki ýerleşişi we ykdysady diwersifikasiýa baradaky ägirt uly gözýetimi bilen hyzmatlar söwdasynyň mümkinçiligini açmak, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär”.
Okuw maslahata gatnaşyjylar, BSG-niň Hyzmatlar we maýa goýum bölüminiň söwda müdiri, Hyzmatlar söwdasy baradaky umumy ylalaşygyň işlenip düzülmegine gönüden-göni gatnaşan Abdelhamid Mamdudan bilim almak üçin ajaýyp mümkinçilik aldylar. Gazagystanyň hyzmatlar söwdasyna BSG-ä goşulmagy üçin ozalky gepleşikleri geçiriji we häzirki wagtda Gazagystanyň Ynsanperwer hukygy uniwersitetiniň professory Gülnäz Ospanowa hem bilimleri we bahasyna ýetip bolmajak tejribesi paýlaşdy.
Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri BSG-niň hyzmatlar we söwda söwda düşünjeleri we häzirki zaman ykdysadyýetinde hyzmatlar söwdasynyň orny bilen tanyşdylar. Hyzmatlarda söwda barada umumy ylalaşygyň esasy ýörelgeleri we düzgünleri jikme-jik gözden geçirildi. Hyzmatlarda söwda barada umumy ylalaşygyň çäginde aýratyn borçnamalaryň sanawy şeýle hem has amatly şertler tertibi ýaly mowzuklar gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Nazaryýet bölümden başga-da, türkmen hünärmenleri bilermenler tarapyndan taýýarlanan amaly maşklara işjeňlik we gyzyklanma görkezdiler. Şeýlelik bilen, esasy pudaklarda aýratyn borçnamalaryň sanawyny düzmekde alnan bilimler we başarnyklar, BSG-ä girenden soň geljekde gepleşikler tapgyrynda gymmatly bolar.
Häzirki meseleleri we BSG-niň hyzmatlar söwdasyndaky düzgünleriniň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak, biziň ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy we halkara söwdasyna işjeň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şübhesiz, alnan bilimler we endikler okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň geljekdäki hünär işlerinde işjeň ulanylar.
ORIENT








