HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Mart 06, 2025 | 02:00 |6394
Çarşenbe güni, Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildiÇarşenbe güni, Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
Çeşme: orient.tm

Çarşenbe güni, Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary – Baş prokuroturanyň, Içeri işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Adalat ministrliginiň ýolbaşçylary şeýle hem serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň ýolbaşçylary geçen iki aýda ýerine ýetirilen işleri barada hasabat berdiler.

Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmek babatda tabşyryklary berdi. Goşun generaly maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026