Habarlar

5-nji dekabrdan başlap Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary geçiriler5-nji dekabrdan başlap Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary geçiriler

5-nji dekabrdan başlap Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary geçiriler

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Halkara bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahatlaşarlarHalkara bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahatlaşarlar

Halkara bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahatlaşarlar

Bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler.

Türkmenistanda lukmançylyk ylmy we innowasiýalar barada täze ylmy elektron žurnaly döredilerTürkmenistanda lukmançylyk ylmy we innowasiýalar barada täze ylmy elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanda lukmançylyk ylmy we innowasiýalar barada täze ylmy elektron žurnaly dörediler

Teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýarTürkmenistanda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar

Türkmenistanda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen hanym Yufu Iwainiň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdiTürkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdi

2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ylmy eseriniň türk diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Hytaý köpsanly ýurtlaryñ raýatlaryna wizasyz girişi hödürlärHytaý köpsanly ýurtlaryñ raýatlaryna wizasyz girişi hödürlär

Hytaý köpsanly ýurtlaryñ raýatlaryna wizasyz girişi hödürlär

2024-nji ýylyñ 30-njy noýabryndan - 2025-nji ýylyñ 31-nji dekabryna çenli Bolgariýanyñ, Rumyniýanyñ, Horwatiýanyñ, Çernogoriýanyñ, Demirgazyk Makedoniýanyñ, Maltanyñ, Estoniýanyñ, Latwiýanyñ we Ýaponiýanyñ adaty pasport eýeleri üçin synag wizadan boşatmalar hereket eder. Wizasyz bolmak möhleti 2 esse köpeler - 30 güne çenli diýip, HHR-iñ Daşary işler ministrliginiñ wekili Lin Szýan habar berdi.