Ýewropadan Türkmenistana çenli: dünýäniň iň täsin köprileri


Inženerçilik pikiriň bu ajaýyp gazananlary otlylara iň beýik dag belentliklerinden geçmäge hem-de iň çuň jülgeleri kesip geçmäge mümkinçilik berýär. Olar ýadygärlige öwrülip, has köp syýahatçylary özüne çekýär. Şu günki köpçülikleýin syýahatçylyk dünýäsinde demir ýol köprileri – diňe bir inženerçilik pikiriň joşguny däl-de, eýsem olar ýadygärlik bolup, şeýle desgalaryň netijesinde islendik ýerler kartada hakykylygyna peýda bolup, raýat gurluşygynyň ewolýusiýasy barada aýdyň ýatladyp durýar.
Euronews dünýäniň gaýtalanmaýan demir ýol köprileriň sanawyny hödürledi.
Eger-de asmana ýetip duran jaýlar iň beýik hasaplnylýan bolsa, demir ýol köprileriň ýagdaýy başgaçadyr. Çernogoriýanyň Mala Riýeka köprüsi 1973-nji ýylda açylyp, dünýäniň iň beýik demir ýol köprüsi boldy. Şu gün bu at ondan soňra gurulan Guýçžou köprüsine (HHR) geçdi. Munuň bilen birlikde, Mala-Riýeka köprüsiniň statistikasy entek hem täsir galdyryjydyr: iň beýik nokadynda 499 metrlik köpri derýanyň derejesinden 200 m belentlikde ýerleşýär.

Şeýle ölçeglerdäki desganyň düýpli daýanja mätäçdigi bellidir. We onuň iň uly daýanjy tennis meýdançasynyň ölçegindäki esasa daýanýar.
Fransiýada we Angliýada daş örümleriň täsinligi
Käbirleri Şamborigo köprüsinden owadan zat ýokmyka diýip pikir edýär: 384 metrlik uzynlygyndaky köpriniň 29 arkasy bar. Ol 1800-nji ýyllaryň ahyrynda arhitektor Şarl Dombr tarapyndan “Pariž-Lion-Ortaýer deňzi” demir ýol kompaniýasy üçin guruldy. Çuň jülgelere we beýik depelere eýe bolan Sewenn sebitine barmaga mümkinçiligini beren bu daş köprüsi 1984-nji ýylda fransuz hökümeti tarapyndan taryhy ýadygärlik diýlip yglan edildi.
Daş örümleriň ýene bir täsinligi – demirgazyk Angliýadaky Uolli köprüsi bolup, ol Kalder derýasynyň jülgesinden Blekbern-Klitero demir ýol ugry üçin guruldy.
1850-nji ýylda açylan bu köpri, 6 mln kerpiçden gurulyp, 48 arkadan ybaratdyr.
Daş örümleriň ýene bir ajaýyp eseri – Angliýanyň Sasseks sebitindäki Ouse Valley köprüsidir.
Ol 1840-njy ýyllarda gurulyp, öz döwründen öňe gitdi. 37 arkadan ybarat bu demir ýol köprüsinde zerur bolan kerpijiň sanyny azaltmak üçin, arka-galdyrgyjy ýaly binagärlik aýratynlyklary ulanyldy.
Meşhur köpriler ýadygärlige öwrülýär
Ýewropanyň iň owadan köprileriniň käbiri indi ýadygärlige öwrüldi. Iň ynandyryjy mysallaryň biri – Şotlandiýanyň Glenfinnan köprüsidir. Ol Garri Potter baradaky filmlerde hem möhüm orun tutdy.
“Glenfinnan köprüsi 100 ýyldan gowrak mundan ozal gurulyp, häzirki wagta çenli Şotlandiýanyň iň uly köprileriň biridir, - diýip, professor Sarhosis düşündirýär. Onuň gurluşygynda bitewi beton ulanyldy. Bu bolsa häzirki zaman demir ýol köprileriň köpüsinden tapawutlylykda, onda metal armaturasynyň ýok diýmegini aňladýar”.
Şotlandiýanyň ýene bir ýadygärligi Fort demir ýol köprisidir. Ol ÝUNESKO-nyň sanawyna hem girizildi. Bu köpri Edinburgyň töwereklerinde ýerleşýär.
Demir ýol köprilerini gowy görýänler üçin ýene bir özüne çekiji desga – Şweýsariýanyň Lanwasser köprüsidir. Ol Albula dag demir ýolundaky iň tanalýan ýer bolup, ÝUNESKO-nyň snawyna hem girizildi.
1900-nji ýyllaryň başynda köpriniň gurulan wagty, gurluşyk işleri gurluşyk tokaýlar bolmazdan alnyp barylýardy. Inženerler materiallara bolan aňsat elýeter mümkinçilik üçin minnetdardylar. Sebäbi ol özüniň geçýän ýeri bolan Dolomit dagyndan alnan hek daşyndan ýasalaneken.
Amyderýanyň üstünden geçýän meşhur köpri
Ewronews habarlarynda hödürlenen ýokardaky köpriler, özboluşlydyr. Emma ORIENT redaksiýasy ajaýyp demir ýol köprileriň sanawyna Türkmenistanyň iň meşhur köprileriniň biri bolan – Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsini hem goşmak isleýär. Ol 100 ýyldan gowrak mundan ozal gurulyp, bu taryhy inženerçilik desgasy ýadygärlige hem-de özi baradaky ýatlamalara mynasypdyr.

Lebap welaýatynyň territoriýasynda uzynlygy 830 km deň bolan Amyderýanyň üstünden soňky ýyllarda bäş köpri guruldy: üç awtomobil we iki demir ýol. Ozal bolsa Amyderýanyň üsti bilen otlylar ýeke-täk demir ýolundan geçýärdiler. Täze demir ýoly ulanmaga berilýänçä, ol eýýäm 116 ýyllap hereket edýärdi.
Köpri häzirki wagtda hem özüniň görki bilen adamlary haýran galdyrýar. Köpride onuň gurluşygyna haçan-da bolsa bir wagt gatnaşanlaryň ählisiniň, ýagny inženerleriň, işçileriň we esgerleriň tutanýerliligi, ynamy we maksadaokgunlyklary saklanyp galan ýaly. Onuň aşagyndan katerde geçen mahalyň, ol ägirt uly äpeti ýatladýar. Uzaklykdan bolsa, ol öňe okdurylan kümüş oka meňzeýär.
XX asyryň başlarynda bu köpri dünýäniň iň uzyn derýa köprüsi boldy. Köprüniň gurluşygynyň taýýarlyk işleri 1895-nji ýyldan bäri alnyp barylandygyna garamazdan, onuň gurluşygynyň hakyky başlangyjy 1898-nji ýylyň 17-nji oktýabry hasaplanylýar. Hut şol günde gurluşykçylar joşgunly derýa bilen başa-baş söweşe girişdiler. Gurluşygyň kynçylygy derýanyň akymynyň örän çaltlygyndady. Çägeli düýbi akymyň we derýanyň özüniň dürli taraplara üýtgemegine täsir etdi. Köprüniň taslamasy we onuň gurluşygy gatnaw ugurlarynyň inženeri Stanislaw Ippolitowiç Olşewskiň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy. Onuň kömekçisi inžener G.S.Kikodze, iş öndürijisi bolsa inžener I.M.Haritonow bolupdylar.
Gurluşyk materiallar dürli şäherlerden getirilýärdi. Brýanskyň, Mariupolyň we Warşawanyň zawodlary metal desgalar bilen üpjün edýärdiler, Wolskdan bolsa ýokary hilli sement getirilýärdi. Samarkandyň golaýynda but daşy we mermer hek daşy, Tejende bolsa – kenar berkidiji materiallar taýýarlanýardy.
27-nji maýda köpriniň resmi ýagdaýda açylyşy bolup geçdi. Amyderýanyň hemişelik köprüsiniň gurluşygy ägirt uly ykdysady we syýasy ähmiýete eýedir. Köpri Amyderýanyň iki kenaryny birleşdirip, Krasnowodskiň (häz. Türkmenbaşy) we bir tarapdan Aşgabat, beýleki tarapdan Buhara, Samarkand we Daşkent aralygynda bökdençsiz gatnawy ýola goýdy. Ýol Amyderýanyň kenaryndaky uly söwda şäheri bolan Çärjewden (häz. Türkmenabat) geçdi. Täze köpri ýurduň Günbataryny we Gündogaryny berk baglanyşdyrdy, Kawkazyň Türkestan bilen göni gatnaw mümkinçiligini döretdi. Ol strategiki ähmiýetli obýekte öwrüldi. Uruş ýyllarynda hem ol ýaraglaryň, harby ýükleriň, çig-mallaryň we azyk önümleriň geçirilmeginde möhüm orun tutdy.
Köpride elektrik ýagtylyk we telefon aragatnaşygy göz öňünde tutuldy. Herisiniň ýokarky diametri 1,24 sažen bolan iki sütünler aşagynda 1,72 sažen, ikisiniň arasy bolsa 2,60 sažendi; sütünleriň ýokarky bölegi iň beýik suw belentlik derejesinden 2,74 sažen ýokardady, bu derejeden aşakda (deňiz derejesinden 104,25 sažen ýokarda) bolsa, sütünler 11 sažene golaý çuňluga goýberilen. Aşakda, derýanyň düýbüniň ýokarsynda sütünler jübütleýin demir halka we umumy gap bilen birleşdirilen. Köpriniň aralygyndaky bölekleriň agramy 356000 pud. Amyderýa köprüsiniň uzynlygy 1600 m golaý, aralygyndaky uzynlygy bolsa – 60 m gowrak.
Aralyk bölekleri amerikan ulgamynyň üçburç berkitmelerinden düzülendi. Bu berkitmeler ýörelýän ýeriniň demir örtüginde gyşardylan uçly bolupdyr. Otlynyň seplemden düşen wagty, düzümi belli çäklerde saklamak üçin goşmaça gorag seplemer göz öňünde tutuldy. Seplemleriň tertibi awtomatiki usulda düzgünleşdirilýärdi. Munuň özi temperaturanyň üýtgemeginiň netijesinde metalyň möwsümleýin uzalmasy-gysgalmasy sebäpli zyýanlaryň öňüni almada mümkinçilik berýärdi. Köpriniň bir tarapynda pyýada ýolagçylar üçin ýanýodalar geçirildi.
Sütünleriň aralygyndaky beýikligi, derýanyň suw derejesiniň iň ýokary galan mahaly aralyklar suwuň üstünde 3 sažen beýiklikde bolar ýaly hasapy çykarylandy. Bu bolsa şol wagtky gämileriň beýikligi bilen kesgitlenilýärdi. Köpriniň üç ýerinde ýakyn şäherler, stansiýalar we kazarmalar bilen tiz aragatnaşyk üçin telefonlar goýuldy. Köpriniň tutuş uzynlygy boýunça elektrik ýagtylyk hem geçirildi.
Emma wagtdan üstün çykyp bolmaýar. Bu “görmegeýligiň” taryhy ýadygärlige öwrülen döwri geldi. Ol özboluşly akymly Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren ýeke-täk köprisi bolup galdy. Taslama düzüjileriň hasaplamalary şeýle takyk, gurluşykçylaryň işi şeýle berkdi, bu köpri geljekki ýyllarda hem ne joşgunlara, ne buz süýşmelere garşy gowşamady. Elbetde, tutuş wagtyň dowamynda onuň tehniki ýagdaýyna gözegçilik edildi, ideg berildi, dürli abatlaýyş işleri geçirildi. 1957-nji ýylda düýpli abatlaýyş işi geçirildi – köpriniň daýanjyny sement ýygnamalar bilen berkidildi.
ORIENT news








