Habarlar

Türkmenistanda Bütindünýä hindi güni geçirildiTürkmenistanda Bütindünýä hindi güni geçirildi

Türkmenistanda Bütindünýä hindi güni geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Çäräniň başynda institutyň rektory M.Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebi bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň talyplar tarapyndan hindi dilini has çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi

Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça ýeňiji kesgitlendiAşgabatda ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça ýeňiji kesgitlendi

Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça ýeňiji kesgitlendi

5-10-njy ýanwar aralygynda Aşgabat ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda ýurduň çempionaty geçirilip küşt boýunça ýaşlaryň elitasy özleriniň ýeňijini kesgitledi. Bu ýaryş, gatnaşyjylaryň güýji boýunça ikinji derejeli hasaplanýar, sebäbi 2024-nji ýyldaky erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýokary ligalarynyň ähli oýunçylaryny öz içine alýar.

Türkmenistandan zehinli pianinoçy “Gyş ertekisi” atly halkara bäsleşiginde hormatly adyň eýesi boldyTürkmenistandan zehinli pianinoçy “Gyş ertekisi” atly halkara bäsleşiginde hormatly adyň eýesi boldy

Türkmenistandan zehinli pianinoçy “Gyş ertekisi” atly halkara bäsleşiginde hormatly adyň eýesi boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň 3-nji synyp okuwçysy, ýaş türkmen pianinoçysy Akmelek Nuryýewa, “Gyş ertekisi” atly X halkara çagalar bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik, Russiýanyň Moskwa şäherinden “Zehinleriň mozaikasy” atly çagalaryň Döredijilikli ösüş merkezi tarapyndan gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň HHM habar berdi

Ulag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatdaUlag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatda

Ulag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatda

Ulag pudagy – Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Muňa şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowanyň arasynda geçirilen duşuşyk şaýatlyk edýär. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek şeýle hem ulag pudagyna ünsi jemlemek bilen Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar boldy