HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BSGG we Merkezi Aziýa ýurtlary inçekeseli ýok etmek boýunça başlangyjy işe girizdiler

Aprel 08, 2025 | 02:05 |4120
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy  (BSGG ÝSE)  Merkezi Aziýanyň bäş döwleti we hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Inçekeselsiz Merkezi Aziýa” atly täze başlangyjy resmi taýdan yglan etdiBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy  (BSGG ÝSE)  Merkezi Aziýanyň bäş döwleti we hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Inçekeselsiz Merkezi Aziýa” atly täze başlangyjy resmi taýdan yglan etdi
Çeşme: inform.kz

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy (BSGG ÝSE) Merkezi Aziýanyň bäş döwleti we hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Inçekeselsiz Merkezi Aziýa” atly täze başlangyjy resmi taýdan yglan etdi. Bu taslamanyň maksady — 2030-njy ýyla çenli sebitleýin inçekeseli, şol sanda onuň dermanlara durnukly görnüşlerini doly ýok etmekdir.

Astanada geçirilen dabarada Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrleri we ýokary wezipeli resmi adamlar gatnaşdy. Olar BSGG, “Inçekeseli duruzmak” Hyzmatdaşlygy, Bütindünýä Gaznasy, raýat jemgyýeti we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyklaryny beýan edýän bilelikdäki jarnama gol çekdiler.

BSGG-nyň ÝSE tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu başlangyç milli we sebitleýin derejelerde utgaşykly çäreleri, innowasion usullary ulanmagy hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň kuwwatyny artdyrmagy göz öňünde tutýar diýip, Kazinform habar berýär.

совещание медиков ОТГ.jpg

Soňky on ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary inçekesele garşy göreşde möhüm ösüş gazandy — täze bejeriş protokollary ornaşdyryldy, epidemiologiki gözegçilik güýçlendirildi. Täze başlangyç bu tagallalara täze itergi berer we aşakdaky ugurlara aýratyn üns berer:

-BSGG tarapyndan maslahat berilýän çalt anyklaýyş barlaglaryň üsti bilen täze we gaýtadan ýüze çykýan hadysalaryň azyndan 95%-ini anyklamak;

-Dermanlara durnukly inçekesele garşy sanjymsyz, gysga bejeriş kurslaryny giňden ornaşdyrmak we 85% we ondan ýokary üstünlik derejesine ýetmek;

-Inçekesele garşy täze sanjymlary elýeter bolan badyna olaryň ornaşdyrylmagyna taýýarlyk görmek;

-Inçekesele garşy çäreleri ilkinji lukmançylyk sanitariýa kömegi ulgamyna integrirlemek — bu işde Almatydaky BSGG-nyň ÝLSK merkezi esasy nokat bolar.

Ханс Клюге.jpg

BSGG-nyň ÝSE-nyň direktory doktor Hans Klüge şeýle diýdi: “Merkezi Aziýada inçekesele garşy göreşde biz möhüm döwre gadam basdyk. Indi gazanylan üstünlikleri berkidip, lukmançylygyň ajaýyp gazananlaryny ulanmak arkaly maksatlara ýetmegiň wagty geldi. Bu başlangyç Ýewropa sebiti we onuň daşyndaky ýurtlar üçin nusga bolar.”

Taslama laýyklykda, ilkinji anyk netijeler 2027-nji ýylda garaşylýar.

Inçekesel meselelerine bagyşlanan maslahat Astana şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Maslahata Gazagystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan gatnaşdy. Duşuşykda Gazagystanyň Milli tiz lukmançylyk kömek Merkezi türki ýurtlar üçin tiz kömek hyzmatlaryny utgaşdyrýan merkez hökmünde kesgitlenildi.

KwOIX5bqqajarEuRF3JdY5FyGVIAFqzJPRAOjNp3.jpg_width=1200Xheight=autoXtype=1.jpg

Bu ugurda gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama diňe bir tiz kömek we adatdan daşary ýagdaýlarda özara kömekleşmegi, ewakuasiýanydäl, eýsem ylmy hyzmatdaşlygy, hünärmenleri taýýarlamagy hem-de tejribe alyşmagy hem öz içine alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026