HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Medeniýet Şahberdiýewanyň 95 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Aprel 07, 2025 | 23:45 |8194
Moskwada Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” atly IX halkara sungat festiwaly başlandyMoskwada Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” atly IX halkara sungat festiwaly başlandy
Çeşme: “Dutaryň owazy” atly festiwalyň guramaçylyk komitetini tarapyndan üpjün edildi

Moskwada Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” atly IX halkara sungat festiwaly başlandy. Festiwal SSSR-iň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmeniň saýrak bilbili” atly konsert bilen açyldy. Bu zehinli aýdymçy we tejribeli mugallym opera sungatynyň ösmegine uly goşant goşdy. Köp artistler onuň goldawy netijesinde özleriniň sungatdaky ýoluna başladylar.

07042025-v-moskve-koncert-posvyashchennyj-medeniet-shahberdyevoj.jpg

Konsert däp bolşy ýaly SSSR-iň we RF-iň halk suratkeşiniň Zurab Tsereteliniň sungat galereýasynda geçirildi. Aprel aýy üçin adatdan daşarda sowuk howa – gara we ýele garamazdan zalyň içi dolydy. Ilçi Esen Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň, döredijilik we ylmy intelgensiýanyň hem-de Moskwadaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdy. Ýygnananlaryň köpüsi Medeniýet Şahberdiýewa bilen şahsy tanyşdy we konsertden soň ýatlamalaryny hoşallyk bilen paýlaşdylar.

участники концерта в Москве в честь Медениет Шахбердыевой.jpg

Ýekejede türkmen kompozitorynyň ýaşuly nesliniň arasynda oňa bagyşlamadyk eserleri ýok bolsa gerek. Medeniýet Şahberdiýewa kompozitorlary özi hakda ýazmaga üçin oýarmana ymtylmady, ýöne olar bilen gepleşende köplenç ösüş ýollary we wokal sungatynyň ýagdaýy pikirlenýärdi we bu bolsa kompozitorlary ruhlandyrýardy. “Artist üçin iň uly bagt – premýerany ýerine ýetirmek, esere jan bermek – diýip, Medeniýet Şahberdiýewa aýtdy. Bu döredijilikli çemeleşme oňa onlarça däl-de, ýüzlerçe premýerany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

“Türkmeniň saýrak bilbili” Medeniýet Şahberdiýewa kompozitorlaryň tutuş nesli üçin döredijilik aýratynlygyna öwrüldi. Onuň aýdym-saza bolan zehini we üýtgeşik şahsyýeti “Dutaryň owazy” atly festiwalyny esaslandyryjy, kompozitor Mämmet Guseýnowada çuňňur täsir etdi.

DSC_8058.jpg

Onuň üçin 20-den gowrak romans ýazan Nury Halmämmedow bilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Olaryň bilelikdäki döredijiliginiň iň ýokary nokady artistlik işiniň çylşyrymlylygy boýunça mono-operanyň çylşyrymlylygy bilen deňeşdirilýän “Hiroşima we Nagasakiniň çagalarynyň eşidilmedik aýdymlary” wokal-simfoniki eseridir.

Konsertde Darýa Guseýnowa tarapynda ýerine ýetiren bu eser tomaşaçylarda güýçli duýgulary, ýylgyryşlary we göz ýaşlary ýene bir gezek oýardy.

Mämmet Guseýnow şeýle paýlaşýar: “Medeniýet Şahberdiýewanyň zehinine bolan şahsy haýranlygym çäksizdir, bu bolsa onuň ussatlygyna çuňňur hormatym bilen beýan edilýär. Biziň bilelikdäki döredijilik hyzmatdaşlygymyzyň netijesi Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna ýazylan iki sany diptih boldy — “Meniň söýgüm” we “Toparagym” biri-birine bagly bolan romanslar.

Köp sanly baýraklarynyň, atlaryň we derejeleriň aňyrsynda Medeniýetiň päklik bilen şöhle saçýan seýrek bir sadalyk gizlenýärdi. Şol bir wagtyň özünde-de, ol gün şöhlesi ýaly, töweregindäkilere ýylylyk we ylham berýän ajaýyp inçe degişme bilen tapawutlanýardy. Onuň bilen gürleşeniňde ruhy baýlaşyp, ýüreklerde gowy duýgular galdyrdy diýip, Mämmet Guseýnow aýtýar.

DSC_8857.jpg

“Medenietiň zehinine iň gowy zallar el çarpdy. Onuň gaýtalanmajak gözelligi we kämilligi bilen tapawutlanýan ajaýyp koloratura sopranosy, häzirki wagtda hem köp sanly artistler üçin esasy görkeziji bolup galýar. Onuň ýerine ýetirişi – bu iň ýokary kämilligiň mekdebi we içki beýiklikdir, şonuň üçin hem oňa taý ýokdur” – diýip, Moskwanyň “Gelikon-opera” sazly teatrynyň artisti Darýa Guseýnowa belläp geçdi.

Konsert maksatnamasy ýewropanyň opera nusgawylarynyň ariýalar we türkmen kompozitorlarynyň romanslary, Gündogaryň we Günbataryň aýdym-saz däpleriniň sintezini görkezýän opera ýygyndysynyň giň repertuaryndan saýlanan eserleri öz içine aldy. Konsertde öňdebaryjy döredijilik ugurly ýokary okuw jaýlarynyň adygyp başlan ýyldyzlary, Moskwanyň teatrlarynyň tanymal solistleri, Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň eminleri we ýakyn dostlary gatnaşdylar.

хор.jpg

Konserte gatnaşyjylaryň arasynda ýalkym saçdylar: dirižor Waleriýa Gorýunowanyň ýolbaşçylygynda Russiýanyň Milli gwardiýa goşunlarynyň akademiki aýdym-saz ansamblynyň ýanyndaky studiýanyň garyşyk hory, pianinoçy-wirtuoz Ýeliseý Babanow, “Gelikon-opera” sazly teatrynyň artisti Darýa Guseýnowa (soprano), “Dutaryň owazy” atly VIII festiwalynyň ýaş derejesi boýunça çagalaryň arasynda Gran-priniň eýesi Kseniýa Çerkasowa (skripka), VIII festiwalyň uly ýaşlylaryň derejesi boýunça ýeňijisi Mariýa Buýanowa (fortepiano), Irina Filippowanyň (fortepiano) duýgur sazandarlyk etmeginde çykyş eden A.W. Sweşnikowa adyndaky hor mekdebiniň zehinli okuwçylary. Dariý Guseýnow we Saweliý Rodin şeýle hem öňki ýyllardaky festiwalyň baýraklarynyň eýeleri: Ýana Kolomiets (soprano), Margarita Gawrilina (soprano), Ýelena Družinkina (soprano) we Polina Weres (soprano). Konserti hakykatdanam ensiklopedik bilimi bolan meşhur dirijor we teatr mugallymy gewgeniý Wolkow alyp bardy. Konserti hakykatdanam ensiklopedik bilimi bolan meşhur dirižor we teatr mugallymy Ýewgeniý Wolkow alyp bardy.

Дарий Гусейнов.jpg

Festiwalyň ýaryş tapgyry güýzde geçiriler. Solo, ansambllar we hor bolup ýerine ýetirijiler gatnaşarlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026