Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy


7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Sport-sagaldyş çäresi Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda –Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri şeýle hem biziň ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri bar.
Ýygnananlaryň arasynda – Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem orun aldy.
Döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Saglyk ýolunyň ýanyndan Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutany degişli wise-premýera Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleri, paýtagty mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Döwlet Baştutany bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi diýip, TDH habar berýär.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi.
Bu ajaýyp baýram mynasybetli şeýle hem mowzuklaýyn maslahatlar, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary geçirildi.
ORIENT








