HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aprel 23, 2025 | 23:50 |4479
Şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.Şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: georgia.tmembassy.gov.tm

Şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň hem-de onuň dowamynda gol çekilen resminamalar toplumynyň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we berkedilmegine ýardam etjekdigi, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden itergi döretjekdigi aýratyn nygtaldy.

IMG_6846.jpeg Taraplar halkara guramalaryň, has takygy BMG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň üstünde durup, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamalarynyň, şeýle hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň hatyrasyna Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýetlidigini belläp geçdiler.

Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasyndaky ynamy we özara düşünişmekligi berkitmekde netijeli gural hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygynyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryndaky esasy ugurlaryň biri bolup durýandygy hem bellenildi.

115849.jpg

Türkmen tarapy Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwilini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu duşuşyk parlamentara gatnaşyklary giňeltmekde we ösdürmekde netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026