HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Aprel 24, 2025 | 00:20 |4205
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: georgia.tmembassy.gov.tm

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginde Gruziýanyň beren goldawyna Türkmenistan uly baha berýändigi bellenildi.

WhatsApp Image 2025-04-23 at 19.02.35_e9e1cd4a.jpg

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn we yzygiderli ösmeginiň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary derejedäki saparlaryň orny aýratyn nygtaldy. Taraplar Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň arasynda geçirilen duşuşygyň, şeýle hem her ýyl iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasynda özara düşünişmekligi we ynamy, döredijilikli hyzmatdaşlygy alyp barmakda wajyp gurallarynyň biri bolup durýan parlamentara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan esasy üns parlamentara dostluk toparlarynyň ähmiýeti bellenildi.

WhatsApp Image 2025-04-23 at 19.02.55_521db483.jpg

A.Sarjaýew söhbetdeşi A.Hwtisiaşwilini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Türkmenistanda geçiriljek uly gerimli halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026