HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Samarkanda sapary başlandy

Aprel 23, 2025 | 21:00 |6895
23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen bardy23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen bardy
Çeşme: president.uz

23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen bardy.

Dabaraly ýagdaýda iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkand şäheriniň halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhamany Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşy aldy.

vizit-predsedatelya-halk-maslahaty-turkmenistana-v-samarkand (2).jpg

Samarkand şäherindäki çäreleriň maksatnamasynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Hezreti Hizr toplumyna baryp gördüler we Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular.

vizit-predsedatelya-halk-maslahaty-turkmenistana-v-samarkand (3).jpg

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Baştutany “Silk Road Samarkand” halkara syýahatçylyk merkezinde “Baky şäher” taryhy we etnografik seýilgähiniň çäginde gurnalan medeni çärelere gatnaşdylar diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

vizit-predsedatelya-halk-maslahaty-turkmenistana-v-samarkand (5).jpg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergiler, senetçilik we amaly-haşam sungatynyň nusgalary bilen tanyşdy. Tans toparlaryň çykyşlaryndan düzülen medeni maksatnama hödürlendi.

vizit-predsedatelya-halk-maslahaty-turkmenistana-v-samarkand (7).jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistana saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň dowamynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak meselelerine serediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026