HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly talyplar Sankt-Peterburgda geçirilen halkara matematika olimpiadasynyň ýeňijileri boldy

Aprel 24, 2025 | 11:10 |2994
Türkmenistanly talyplar demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC) üstünlikli çykyş etdiler.Türkmenistanly talyplar demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC) üstünlikli çykyş etdiler.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanly talyplar demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC) üstünlikli çykyş etdiler.

Olimpiada 20-22-nji aprel aralygynda Sankt Peterburgdaky ITMO Uniwersiteti tarapynda guraldy.

Olimpiadanyň şahsy hasabynda türkmenistanlylar 16 medal gazandylar. Olaryň 7-si altyn we 9-y kümüş medallardyr.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Şabibi Nurjanowa, Hajymuhammet Ataýew we Orazguly Gylyjow, Halkara ynasnperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Selbi Ruslanowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary Muhammet Annaýew we Mergen Myradow altyn medallaryň eýeleri boldular.

Rahmet Penjiýew, Kerim Toýlyýew (Halkara ynasnperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Döwletgeldi Şakirjanow (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti), Islam Haýytmuhammedow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti), Begenç Saparow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty), Gurtgeldi Hanow, Myrat Janmyradow (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty), Batyr Öwezmyradow (Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty) hem-de Baýram Turaýew (Türkmenistanyň döwlet energetika instituty) kümüş medallary gazandylar.

Olimpiadanyň toparlaýyn ýaryşlarynda birinji ýeri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary, ikinji ýeri - Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary, üçünji ýeri bolsa Halkara ynasnperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Şu ýyl demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň halkara matematika olimpiadasyna Russiýanyň, Türkmenistanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Senegalyň we Wýetnamyň ýokary okuw mekdeplerinden 351 talyp gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026