

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ösdürildi
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara haryt dolanyşygy takmynan, 400 mln ABŞ dollara ýetdi


2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara haryt dolanyşygy takmynan, 400 mln ABŞ dollara ýetdi


Eýran Yslam Respublikasynyň Demir ýollarynyň, “Kazakstan temir žoly” MK paýdarlar jemgyýeti, “Russiýa demir ýollary” AGPJ-niň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriniň Almatyda iki günlük duşuşygy geçirildi diýip, “Rail-news.kz” habar berýär


Almaty şäherinde “Kazakstan temir žoly” milli kompaniýasy” HJ-iň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol ulaglarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi


“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň baýramçygynyň şanyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy medeni çäre gurnady. Bu başlangyç giň köpçüligiň ünsüni özüne çekdi we Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini nygtady


30-njy ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde maliýe hyzmatlary bazaryna girmek baradaky borçnamalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça webinar geçirdi. Bu çäre, BMGÖM-iň bilelikdäki dowam edýän “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, III tapgyr” taslamasynyň çäginde gurnaldy


Saud Arabystanyn Patyşalygynyň häkimiýetleri ilkinji gezek daşary ýurtly maýadarlara musulmanlar üçin mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde gozgalmaýan emläge maýa goýmak hukugyny berdiler. Ýöne şeýle maýadarlar üçin käbir çäklendirmeler giriziler diýip, ýurduň Maýa bazarlaryny dolandyryş müdirligi (CMA) habar berdi


Soňky döwürde ABŞ-nyň Milli meteorologiýa gullugy tarapyndan «asyrda bir gezek bolýar» diýip atlandyrylan «Elliott» gomy dünýäniň iň uly we Demirgazyk Amerikanyň iň giň şarlawugy bolan meşhur Niagara şarlawugyna hem täsir etdi. Ol Nýu-Ýork ştatynyň Buffalo şäherinden 27 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu şäher gom howa hadysasyndan iň köp ejir çekenleriň biri


BMGÖM/Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň goldawy bilen “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” taslamasynyň çäginde “Gidrometeorologiki işler barada” Türkmenistanyň kanunyny ara alnyp maslahatlaşylmagyna we hödürlenmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri 30-31-nji ýanwarda BMG-niň ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guralan ulag statistikasy boýunça iki günlük okuw maslahatlaryna gatnaşdylar


30-njy ýanwarda Gyrgyzystan Respublikasyndaky Türkmenistanyñ ilçihanasynda 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Oña türkmen diasporasynyñ wekilleri, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriñ wekilleri gatnaşdy.


Daşkentde Merkezi Aziýanyň Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça kömekçi sebitleýin maslahaty geçirilip, ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenlerini, lukmançylyk işgärlerini we hökümet wekillerini ýygnar. Bu baradaky mesele Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudoýarowyň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeniň arasyndaky geçirilen onlaýn-duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.


Türkmen wekiliýeti Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýaly sebitler üçin niýetlenen “Ulag pudagynda zenanlar (WiT)” atly ulgamy girizimek dabarasyna gatnaşdy. Guramaçylyk maslahaty Stambulda geçirildi.


Uiçitotdan (Kanzas ştaty) sebit gatnawyny amala aşyran American Airlines kompaniýasynyň Bombardier CRJ700 uçary Waşingtonda Ronald Reýgan adyndaky Milli howa menzilinde peselip gonup başlan mahaly Black Hawk goşun dikuçary bilen çakyşdy. Heläkçilik 29-njy ýanwarda, çarşenbe güni ýerli wagt boýunça sagat 21:00 töwereklerinde bolup geçdi.


2024-nji ýylda Hytaýda nebitiň we gazyň gazyp alnan möçberi ilkinji gezek 400 mln tonna nebit görkezijisinden geçdi, bu hem ýurt üçin gazanylan möhüm üstünlik boldy. Bu barada HHR-iň Energetika işleri boýunça Döwlet müdirligine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.