HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Taryhda ilkinji bütindünýä robotlar oýunlary Hytaýda geçiriler

Maý 08, 2025 | 21:15 |3760
Awgust aýynyň 15-17-si aralygynda Pekin şäherinde taryhda ilkinji gezek bütindünýä adama meñzedilen robotlaryň oýunlary geçirilerAwgust aýynyň 15-17-si aralygynda Pekin şäherinde taryhda ilkinji gezek bütindünýä adama meñzedilen robotlaryň oýunlary geçiriler
Çeşme: demotivation.ru

Awgust aýynyň 15-17-si aralygynda Pekin şäherinde taryhda ilkinji gezek bütindünýä adama meñzedilen robotlaryň oýunlary geçiriler. Robotlaryň arasyndaky ýaryşlar Pekindäki “Guşyň höwürtgesi” milli stadionynda hem-de “Buz talasy” milli konkide typmak stadionynda geçiriler. Bu stadionlar ozal Olimpiýa oýunlaryny hem kabul edipdi diýip, Hytaýyň Merkezi Teleýaýlymyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Bu oýunlar dünýäde ilkinji bolup, esasy gatnaşyjylary adama meñzedilen robotlar bolan köpugurly sporty bäsleşikler bolar. Oýunlaryñ 11 sany adaty sport görnüşini öz içine aljagy barada habar berilýär. Olaryň arasynda ýeňil atletikanyň 7 görnüşi bar: 100 metr, 400 metr, 1500 metr ylgamak, dört adamdan ybarat 100 metr estafeta, 100 metr bökdençli ylgamak, ýerden uzynlygyna we beýikligine bökmek, şeýle hem gimnastika we futbol bäsleşikleri (2-e garşy 2, 3-e garşy 3, 5-e garşy 5 görnüşinde) girýär. Oýunlarda adama meñzedilen robotlaryň sport ukyby, sazlaşykly hereket etmegi we toparlaýyn işleşmegi aýratyn bahalandyrylar.

Mundan ozal, aprel aýynda Hytaýyň paýtagtynda ilkinji gezek adamlar bilen adama meñzedilen robotlaryň bile gatnaşmagynda dünýäde ilkinji ýarym marafon geçirilipdi. Bu ýarym marafona gatnaşmak üçin robotlaryň adama meňzeş gurluşy bolmalydy we olar tigirli enjamlar ulanmazdan iki aýagyň üstünde ýöremäge ukyply bolmalydy. Robotlar üçin düzgünler örän talap edijidi: olar ýoluň gurluşyna zeper ýetirmeli däldi, garşydaş robotlara ýa-da adamlara zyýan ýetirmeli däldi, görkezilen ugurdan çykmaly däldi we ähli tehniki düzgünlere doly boýun bolmalydy. Ýaryşda ýeňiji bolan robota 5000 ýuan (takmynan 700 dollar), kümüş we bürünç medallara mynasyp bolan robotlara degişlilikde 4000 we 3000 ýuan (takmynan 560 we 420 dollar) möçberinde pul baýraklary berildi. Mundan başga-da, guramaçylar goşmaça ugurlar boýunça baýraklary göz öňünde tutdylar: ýaryşy üstünlikli tamamlany üçin, iň gowy çydamlylyk üçin we iň döredijilikli dizaýn üçin baýraklar. Şeýle hem adama meñzedilen robotlaryñ ýarym marafonyna gatnaşan işläp taýýarlaýjy toparlara hemaýatkärleriň adyndan ýörite baýraklar gowşuryldy. Ýeňiji robota baýragy başga bir adama meñzedilen robot gowşurdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026